TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi: Maska dakmak we howpsuz aralygy saklamak

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Habarlar merkezi tarapyndan habar berilmegine görä,  her bir adamyň dem alyş ýollary üçin niýetlenen lukmançylyk şahsy goranyş serişdelerini, ýagny lukmançylyk agyz-burun örtüklerini ulanmagy maslahat berilýär we howpsuz aralygy, ýagny 1 metrden az bolmadyk aralyk saklanylmalydyr hem-de şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip – düzgünleri berk berjaý etmelidigi beýan edilýär.

Soňky günleriň dowamynda Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda howanyň ýagdaýyna geçirilen seljermäniň netijesinde, günorta-gündogardan, demirgazyk-gündogardan we demirgazykdan Türkmenistanyň çäklerine howa akymynyň aralaşmagy sebäpli, howada tozanyň düzüminiň agdyklyk edýändigi bellige alyndy. Bu bolsa adamyň saglygy, ozaly bilen, dem alyş ulgamy üçin amatsyzdyr.

Tomus paslynda howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak üçin hökman degişli maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşyp, öňüni alyş çärelerini güýçlendirmek zerurdyr.

Şu günler howanyň düzüminiň üýtgemegi we düzümindäki maddalaryň kadadan ýokary bolmagy bilen baglanyşykly tebigy – ekzogen täsirini peseltmek we howadaky tozan bölejikleri arkaly döräp biläýjek dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, her bir adamyň dem alyş ýollary üçin niýetlenen lukmançylyk şahsy goranyş serişdelerini, ýagny lukmançylyk agyz-burun örtüklerini ulanmagy maslahat berilýär.

Şunda howpsuz aralygy, ýagny 1 metrden az bolmadyk aralyk saklanylmalydyr hem-de şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip – düzgünleri berk berjaý edilmelidir.

Tomus paslynda daşky gurşawyň yssy howasyny göz öňünde tutup, daşardan gyzyp gelip, birbada sowuk ýa-da sowadyjy işleýän otaga girmeli däl, sowadyjynyň gabadynda durmaly däl, aşa sowuk suwy içmeli däl.

Sebäbi bu hereket dowamly keselleriň ýitileşmegine getirip bilýär.

Bu ýönekeý, emme örän möhüm kadalary berk berjaý etseňiz, ýylyň islendik döwründe janyňyz sag bolar.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Habarlar merkezi

Degişli habarlar

Türkmenistan: Koronawirusyň täze görnüşiniň pandemiýasy

Wirusa garşy derman serişdeleri satyn alynar

Пресс-Релиз :Коронавирус

Lukmançylyk agyz-burun örtüklerini (maska) ullanmak

COVID19 : Aşgabatda BSGG-nyň ÝSE-nyň wekiliýeti bilen gepleşikler

Ýene-de okaň

«Belawiýa» awiakompaniýasy Türkmenistana uçar gatnawlaryny artdyrdy

Şäherara awtobus petekleriniň onlaýn satuwy

Daşoguzda täze saglyk öýi açyldy

Teswirle