Saglygy goraýyş işgärleri: Goşmaça hakyň möçberi näçe?

Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynda eden çykyşynda dünýäde COVID-19 ýokanjynyň ýaýrap başlan ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzda adamlaryň immunitetini güýçlendirýän esasy lukmançylyk enjamlaryny yzygiderli mugt üpjün etmek boýunça işleriň gurnalandygyny belledi. Saglygy goraýyş işgärlerini höweslendirmek we bu ýokançlyga garşy göreşde mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak häzirki wagtda möhüm ugurlardan biridir. Döwlet Baştutanymyz şu gün saglygy goraýyş işgärleriine goşmaça ýeňillikleri göz öňünde tutýan karara gol çekjekdigini aýtdy. Bu Karary Size ýetirýäris:

Bu Karara, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ilatynyň ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, saglygy goraýyş işgärleriniň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmak hem-de ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen gol çekildi.

Goşmaça 15 göterim

Resminama laýyklykda, dünýäde dörän ýiti ýokanç keseliniiň ýurda getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almagyň çäginde raýatlaryň saglygyny berkitmäge we goramaga gatnaşýan döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň saglygy goraýyş işgärleriniň aýlyk zähmet haklaryna şol işleri ýerine ýetirýän döwrüniň dowamynda degişli Tertibe laýyklykda olaryň aýlyk zähmet haklarynyň 15 göterimi möçberde goşmaça hak tölemek bellenildi.

Aýratyn ýeňillikler hem bar….

2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap:

degişli sanawda görkezilen ýurduň uzakda ýerleşip, barmasy kyn bolan obalaryndaky döwlet saglygy goraýyş edaralarynda işleýän saglygy goraýyş işgärleriniň aýlyk zähmet haklaryna olaryň aýlyk zähmet haklarynyň 20 göterimi;

Okap bilersiňiz  Mişel Obama barada dokumental film dörediler

degişli sanawda görkezilen Kararyň birinji bendinde görkezilenden beýleki obalardaky döwlet saglygy goraýyş edaralarynda işleýän saglygy goraýyş işgärleriniň aýlyk zähmet haklaryna olaryň aýlyk zähmet haklarynyň 10 göterimi möçberde hak tölemek bellenildi.

Mellek ýerleri ilkinji nobatda beriler…

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, häkimliklere degişli saglygy goraýyş işgärlerine döwlet maksatnamalarynyň çäginde gurluşygy amala aşyrylýan hususy ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de hususy ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin mellek ýerleriniň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ilkinji nobatda berilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

 

Halk maslahatynyň mejlisi : öz işini tamamlady

Hormatly okyjylar! Halk Maslahaty bilen baglanyşykly habarlardan habarly bolmak isleseňiz yzygiderli www.atavatan-turkmenistan.com  saýtyny yzarlap duruň. Size habarly etmek üçin döredijilik toparymyz zähmet çekýär. 

Halk Maslahatynyň mejlisi başlady

Halk Maslahaty wideoaragatnaşyk görnüşinde geçiriler

Halk Maslahaty: Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler

Halk Maslahaty: saglygy goraýyş işgärlerine goşmaça ýeňillikler dörediler

Konstitusion Kanun tassyklandy :Halk Maslahaty

 

Halk Maslahaty : Habarlary gyzgyny bilen okaň!