SIZDEN GELENLER

Sagdynlyk-ruhubelentlik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlarda uly üstünlikler gazanylýar. Ynsan saglygyny ýurduň baýlygyna deňeýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde raýatlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekleri ugrunda ähli zerur şertler döredilýär. Şu jähetden, saglygy goraýyş ulgamynda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramakda, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny dünýä derejesinde ösdürmekde birnäçe çäreler amala aşyrylýar.

Bu işleriň netijesinde ýurdumyzda ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligi, hili we elýeterliligi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler halkara derejesinde ykrar edilýär. Bu ugurda gazanylan üstünliklere Türkmenistana gowşurylan güwänamalar we beýleki resminamalar aýdyň şaýatlyk edýär.

Eziz Diýarymyzda ilatyň saglygyny goramaga, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga hem-de jemgyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasaty işjeň durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň binýadyny berkitmek hem-de raýatlaryň bu ulgamyň çygryndaky hukuklaryny kepillendirmek boýunça esasy döwlet resminamasy bolan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň we beýleki giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi esasynda ulgamyň mümkinçilikleri has-da artýar. Döwrebap özgertmeler, gazanylýan ösüşler oňyn netijelerini berýär.

Täze lukmançylyk edaralary, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurlup, saglygy goraýşyň milli nusgasy döredilýär. Alnyp barylýan işleriň hatarynda döwrebap hassahanalaryň, anyklaýyş merkezleriniň, saglygy goraýyş edaralarynyň halka hyzmat etmegi babatdaky döredilýän mümkinçilikler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Döwrebap lukmançylyk enjamlary, barlaghanalar we beýleki zerur bolan tehnikalar bilen üpjün edilen saglygy goraýyş edaralary keselleri wagtynda anyklamakda, bejeriş-öňüni alyş işlerini amala aşyrmakda, amaly, ylmy-barlag hem-de tejribe-önümçilik wezipelerini çözmekde öňdebaryjy usullary peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Aşgabat şäherinde 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň, 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşyklaryna badalga berildi. Munuň özi Diýarymyzda raýatlaryň saglygynyň goralmagyna berilýän ägirt uly ünsüň nobatdaky subutnamasydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2021-nji ýylyň mart aýynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Bu gazna ýaş türkmenistanlylaryň bagtly durmuşda ýaşamagy ugrunda giň tagallalar edýär.

Şeýle hem ýurdumyzda Bütindünýä saglyk gününiň halkara derejesinde bellenilmeginiň mysalynda hem, ýurdumyzyň saglygy goraýyş, sport ulgamlaryny has-da kämilleşdirmek we ösdürmek, bu ugurlarda kämil hünärmenleri taýýarlamak bilen baglanyşykly işlere döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde garalýandygynyň hem-de uly işleriň durmuşa geçirilýändiginiň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar.

Hormatly Prezidentimiz: «Bütindünýä saglyk güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan sene hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar. Şonuň üçin hem dünýä bileleşigi bilen bilelikde eziz Diýarymyzda-da ýaz paslynyň jana şypaly günlerinde bu halkara baýram ýokary ruhubelentlikde giňden bellenilýär. Bütindünýä saglyk gününiň şanyna köpçülikleýin bedenterbiýe — sport we medeni çäreleriň geçirilmegi sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň ýurdy hökmünde döwletimiziň abraýyny dünýä ýaýýar» diýip belleýär.

Eziz Watanymyzda toýlanýan toý-baýramlar, şol sanda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilýän dabaraly çäreler, goý, hemişe döwletimiziň berkararlygyny, durmuşymyzyň abadanlygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny dabaralandyrsyn! Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza şöhrat bolsun, şan bolsun!

Gülistan Annaýewa, 

I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň

Ýokanç keselleri we epidemiologiýa dersiniň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Häzirki zaman saglygy goraýşyň belent derejesi

Saglyk ulgamynda döwrebap ösüşler

Ösüşlere beslenýän ykdysady özgertmeler

Türkmenistan – sport mekany

Änewiň baý taryhyny taryplaýan gymmatly eser

Gadymy medeniýetiň ajaýyp waspy