TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Sagdynlyga bagyşlanan bäsleşik

Sagdynlyk sahawatynyň giňden ýaýbaňlanýan döwründe  ýaşlaryň  sagdynlyk ruhunda terbiýelenmegi hem-de olaryň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagy ugrunda ýurdumyzyň  ähli ýokary okuw mekdeplerinde dürli çäreler  geçirilýär. Olaryň arasynda  özara wagyz ediş çärelerini öz içine alýan bäsleşikleriň geçirilip durulmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Munuň bilen baglylykda, ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramagynda “Ýaramaz endikleri ýazgarýan, sagdyn durmuş ýörelgelerini beýan edýän hem-de öwüt-ündew  häsiýetli  wideoşekiller we tanyşdyrmak çykyşyny  taýýarlamak” boýunça institutyň talyplarynyň arasynda fakultetara   bäsleşik geçirildi.

Bu bäsleşige institutyň ýaş we tejribeli  mugallymlaryndan düzülen emin agzalary, professor mugallymlar we fakultetleriň  1-nji ýyl talyplary gatnaşdylar.

Emin agzalar bäsleşikde  yglan edilen şertler boýunça talyplaryň taýýarlan tanyşdyrmak çäresini we wideoşekillerini synlamak bilen, olaryň  many-mazmunyna,  adam saglygyna oňyn  täsir  edýän bedenterbiýäniň şeýle hem, ýurdumyzda sporta we bedenterbiýä berilýän ünsüň ýokary ähmiýetiniň ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryna görä, öz döredijiliginde  ulanyp, täsirli  beýan edişlerine  adalatly  baha berip, uly seslenmä mynasyp  bolan toparlara degişli sowgatlary gowşurdylar.

Çekeleşikli geçen  bäsleşigiň netijeleri boýunça institutyň  Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary birinji orna mynasyp boldular.

Bu bäsleşigiň geçirilmegi talyplaryň wideoşekilleri we tanyşdyryş çykyşlaryny taýýarlamak ugrunda has-da kämilleşmeklerine, hormatly Prezidentimiziň sagdyn ýaşaýşy üpjün etmekde alyp barýan  syýasatyna özleriniň goşantlaryny goşup,  şunuň ýaly  wagyz-nesihat  çärelerine  işjeň gatnaşmaklaryna uly ýardam berdi.

 

 

                                                                        Gözel EMINOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

                                                   Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara

                                              žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

 

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen milli mirasynyň belent sarpasy

“Täze eýýamyň üme dessury” atly döredijilik festiwalynyň döwlet tapgyry geçirildi

Nebitgaz pudagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy

Ata Watan Eserleri

Teswirle