Ajaýyp döwürde ýaşaýan bagtyýar türkmen halky bu gün taryhyň sahypalarynda altyn harplar bilen ýazyljak şanly wakalara gözli şaýat bolýar. Watanymyzyň durmuşynda gündelik bolup geçýän şatlykly wakalar, gazanylýan guwandyryjy üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler döwrümiziň beýikliginiň beýanydyr, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygynyň görkezijisidir.
Watanymyzda ynsan saglygy iň gymmatly baýlyk hasaplanyp, raýatlaryň saglygy we bagtyýarlygy ugrunda buýsanja mynasyp işler durmuşa geçirilýär. Ähli welaýatlarymyzda we paýtagtymyzda innowasion tehnologiýaly häzirki zaman lukmançylyk merkezleriniň, döwrebap şypahanalaryň yzygiderli gurlup, ildeşlerimiziň hyzmatyna berilmegi hem ynsan saglygy hakda edilýän aladanyň subutnamasydyr.
Berkarar döwletin täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şonuň bilen baglylykda, «Sagdyn bedende — sagdyn ruh», «Saglyk — baýlyk», «Saglygym – begligim», «Ähli zadyň sakasy – saglyk» ýaly ýörgünli jümlelerden ugur alnyp, Diýarymyzda ynsan saglygyny goramakda uly işler durmuşa geçirilýär, ildeşlerimiziň arasynda baý many-mazmunly çäreler guralýar.
Ata Watanymyzda ýaşlaryň abadan, asuda durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy, döwrebap bilim-terbiýe almagy, sport bilen meşgullanmagy, halal zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikler döredildi. Şeýle ajaýyp mümkinçiliklerden ýerlikli we netijeli peýdalanmak, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak her birimiz üçin çäksiz bagtdyr.
Hormatly Prezidentimiziň «Ýurdumyzda adamyň saglygy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar» diýen ynsanperwer ýörelgeleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Eziz Diýarymyzda ilatyň saglygyny we ýaşaýyş-durmuşyny gowulandyrmak, bedenterbiýe-sport bilen meşgullanmaklary üçin birnäçe döwlet maksatnamalary kabul edildi. Şeýlelikde, ýurdumyzda ilatyň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz: «Berkarar döwletimiziň durmuş-ykdysady kuwwaty, medeni ösüşi halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy, nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr» diýip belleýär. Mekdebe çenli bilim maksatnamasynda hem sportuň orny uludyr. Ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda bedenterbiýäni ösdürmek we çagalarda sporta söýgi döretmek üçin giň mümkinçilikler bar. Bedenterbiýe maşklary, sport oýunlary çagalaryň bedenini berkitmek, fiziki mümkinçiliklerini ösdürmek bilen birlikde, olaryň okuwyna we özüni alyp barşyna-da täsir edýär. Sport sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirýär, az hereketliligiň öňüni alýar, çalasynlygy, çeýeligi, güýçlüligi, çydamlylygy, sazlaşyklylygy kemala getirýär.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, sagdynlygyň hem-de parahatçylygyň mekanyna öwren, türkmen halkyny döredijiligiň, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!
Aýtäç Ataýewa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.