SIZDEN GELENLER

Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si we sag­lyk

Berkarar ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda raýatlaryň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmak boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işler bu ugurda döwlet derejesinde taýsyz tagallalaryň edilýändiginiň nyşany bolup durýar. Häzirki zamanyň iň ösen lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan hassahanalaryň, şypahanalaryň gurlup ulanmaga berilmegi, öňden bar bolanlarynyň durkunyň täzelenmegi ulgamda işleriň barha öňe ilerleýändiginiň güwäsidir.

Saglygy goraýyş ulgamynda döwrebap kanunçylyk namalarynyň, milli we döwlet maksatnamalarynyň kabul edilendigi, döwrüň talaplaryna laýyklykda, olaryň yzygiderli täzelenýändigi ulgamda alnyp barylýan özgertmeleriň gitdigiçe kämilleşýändigini görkezýär.

Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge, ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň usullaryny kämilleşdirmäge, maşgala lukmançylygy institutyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Şeýle hem ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini we görnüşlerini artdyrmak, bejeriş, şypahana edaralarynyň işini has-da gowulandyrmak, saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-tehniki üpjünçiligini pugtalandyrmak, lukmançylyk ylmy bilen tejribäniň özara baglanyşygyny berkitmek, lukmanlaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak, saglygy goraýyş ulgamynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek meseleleri esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, ildeşlerimiziň sagdyn durmuşda, bagtyýarlykda, ruhubelentlikde ýaşamagyny gazanmak babatynda uly işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary» atly düýpli ylmy işinde, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda, «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar», «Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly ylmy-publisistik eserlerinde, «Türkmenistan — melhemler mekany» atly kitabynda we beýleki eserlerinde bu ugurda durmuşa geçirilýän işler özüniň anyk beýanyny tapýar. Milli Liderimiziň eserlerinde güneşli Diýarymyzdaky şypahanalaryň ähmiýetine we sagaldyş-dikeldiş mümkinçiliklerine aýratyn üns berilýär. Bizi aýratyn begendirýän zatlaryň biri-de, Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly kitaplarynda «Arçman», «Ýyly suw», «Bagabat» şypahanalary barada hem täsirli maglumatlary getirýändigidir hem-de olarda ildeşlerimiziň saglygyny berkitmegi üçin döwrebap şertleri döretmek ugrunda yzygiderli alada edýändigidir.

Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli taýsyz tagallalarynyň netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz gysga döwrüň içinde uly ösüşlere eýe boldy. Türkmen jemgyýetinde zyýanly endikleriň öňüni almakda wajyp orun eýelän sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesi babatynda möhüm işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaşlarymyzyň berk bedenli, sagdyn we giň dünýägaraýyşly bolmaklary ugrunda alnyp barylýan işler häzirki wagtda özüniň oňyn netijelerini berýär.

Döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hasaplanylýan adamyň saglygyny goramak, dikeltmek, ýaş nesliň lukmançylyk hyzmatlaryna bolan elýeterliligini üpjün etmek, ýurdumyzda döwrebap hem dünýä nusgalyk saglygy goraýyş ulgamynyň täze nusgasyny kemala getirmek ugurly şeýle asylly işleriň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda güýçli depginde dowam etdirilmegi lukmanlary yhlasly we döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Biz — lukmanlara döwrebap şertlerde işlemäge, dünýä ylmyndan doly derejede baş çykarmaga döredýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Ogulsona Bekowa,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan – medeniýetiň we sungatyň sarpalanýan ýurdy

Matematika we sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Nebitgaz senagaty – milli ykdysadyýetiň binýatlyk pudagy

Ata Watan Eserleri

Bilimli ýaşlar — Watanyň beýik gurujylary

Medeniýet halkyň kalbydyr

Bilimli ýaşlar — guwanjymyz