TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatynda pizza taýýarlaýan önümçilikde robotlaryň hyzmatyndna netijeli peýdalanylýar.

“PizzaHQ” atly restoran “Picnic” kompaniýasy tarapyndan öndürilen robotlary ulanmak bilen pizzaönümçiligi ep-esli çaltlandyrdy. Sagatda 300 pizza öndürýän enjam aslynda robotlaryň hatarydyr. Ilki bilen bir robot hamyr taýýarlaýar, beýlekileri peýnir, sous we beýleki goşundylary goşup, ojaga iberýär.

Ahyrynda başga bir robot taýýar pizzany böleklere bölüp, gaplaýar we pizzalary müşderilere ibermek üçin taýýar edip goýýar.

Metbugat neşirleriniň habar bermegine görä, müşderileriň robotlaryň taýýarlan pizzalarynyň tagamyndan gaty hoşal galandygy bellenildi.

 

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Dubaýda Aýyň nusgasy gurulýar

Teswirle