TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Sagatda 1000 kilomet geçer

«Hyperloop» — wakuum otly bolup, ol howasyz boşlukda magnitiň kömegi bilen hereket edýär. Sessiz hereketlenýän otlynyň tizligi häzirki zaman derhal otlularyň tizliginden iki esse ýokary bolar.

Täze ýokary tizlikli otlyny birnäçe ýerde synagdan geçirmek meýilleşdirilýär. Olaryň biri hem Koreýa Respublikasyndaky «Korail» institutydyr.

Otlynyň tizligi soňky synaglaryň birinde sagatda 1019 kilometre çenli ýetirilip görüldi. Munuň özi Koreýada geçirilen synaglaryň arasynda iň ýokary netijedir. Ozalky rekord sagatda 714 kilometr tizlige deň eken.

ABŞ-nyň «Hyperloop TT» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Dirk Albornyň aýtmagyna görä, Koreýa Respublikasyna wakuum otlularyň hereket edip başlajak ilkinji döwleti bolup biler. Ýöne munuň üçin 2024-nji ýyla çenli garaşmaly bolar.

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

Ýene-de okaň

AŞTU-dan täze hyzmat: IP we internet hasabyňy onlaýn öwrenmek

Täze “Moskwiç” ulagynyň önümçiligine başlandy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly ýahtasy gurlar

Teswirle