TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Saçda pizza

Mähriban okyjylar, men size bu gezek gysga wagtyň dowamynda saçda pizza taýýarlamagy öwretmekçi.

Munuň üçin gerekli önümler:

  1. 2 sany ýumurtga
  2. 2 nahar çemçe uýadylan gaýmak
  3. 1 bulgur un
  4. 1 nahar çemçeden azrak ýag
  5. 2 ýa 3 nahar çemçe pomidor goýultmasy
  6. Şöhlat
  7. Kömelek halaýanlar üçin
  8. Pomidor 2 sany
  9. Peýnir
  10. Duz

  • Bellik: üstüni öz islegiňize görä owadanlap, halaýan önümleriňizi goşup bilersiňiz.

 

 

Taýýarlanyşy:

Ilki bilen 2 sany ýumurtgany ýelim gaba çakmaly. Üstüne uýadylan gaýmak we unumyzy goşup garmaly. Duzuny özüňize görä goşmaly. Hamyry suwugrak akyp duran bolmaly. Soňra üstüne goşmaly garyndymyzy taýýarlamaly. Onuň üçin islegiňize görä şöhlady kiçijek bölejiklerde dogramaly. 2 sany pomidorymyzy hem ulurak tegelek ýa-da ýarym tegelek kesip dogramaly. Galan önümlerimizi hem edil şeýleräk dograp taýýarlap goýmaly.

Indiki ädim bolsa, sajymyza 1 nahar çemçesinde azrak bolan ýagymyzy guýmaly we sajy ýaglamaly. Hälki taýýarlan hamyrymyzy pes otda duran saja guýmaly. Azrak wagtdan üsti üçin taýýarlan önümlerimizi özüňize görä owadanlap goýmaly. Iň soňunda bolsa, peýnirimizi inçeden maýda edip dogramaly ýa-da gyrgyçdan geçirip üstüne serpmeli. Soňra sajymyzyň gapagyny ýapyp, 15-20 min pes otda bişirmeli.

Ine, pizzamyz hem taýýar boldy.

Işdäňiz açyk bolsun!

 

 

Taýýarlan: Aýşirin Alyýewa,  

Halkara ynsanperwer ylymlary we

ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

 

Beýlekileri hem okap bielrsiňiz:

 

Ertirlik üçin byzmyk

Şerbetli keksiň taýýarlanyş usuly (ıslak kek)

Okap bilersiňiz  Russiýa halkara uçar gatnawlaryna başlaýar

Möwsümiň peýdaly limonadynyň taýýarlanyşy

Howurpeçsiz keksiň taýýarlanylyşy

Snikers tagamly köke

Lawaşdan türk böregi

Çaý başynyň süýjülik güýmenjesi

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

 

 

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Teswirle