Halkymyzyň arasynda «Sabo Artykow» ady bilen tanalýan aýdymçy, sazanda Togrulbeg Artykowyň döredijiligi, durmuş yoly hakynda öwrenmek üçin ýakynda onuň maşgala ojagyna baryp, ýan ýoldaşy Orazgül  gelneje bilen gürrüňdeş bolduk. Orazgül gelneje mugallym bolansoň, gürrüň bermäge ökde eken. Ol 1981-nji ýylda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetini gutaryp, otuz ýyldan-da gowrak mugallym bolup işläpdir. Ol 1980-nji ýylda Togrulbeg Artykow bilen durmuş gurupdyr. Durmuş toýlarynda türkmen estrada sungatynda öz ýoluny goýan halypa aýdymçy Nurýagdy Tokgaýew aýdym aýdypdyr, wäşi artistler Juma Ýazmyradow bilen Gurbannazar Atakgaýew dagy toýuň alypbaryjylary bolupdyrlar. Togrulbeg Artykowyň maşgalasynda bäş gyz perzentleri bolup ählisi maşgalaly. Häzirki wagtda bularyň 16 sany agtygy bar. Orazgül mugallym ilki bilen ýan ýoldaşynyň arhiw maglumatlary bilen tanyşdyrdy. Togrulbeg Hallyýewiç Artykow 1960-njy ýylyň 8-nji iýulynda Kaka etrabynyň Ýüzbaşy obasynda doglupdyr. Torulbeg iki oglan, dört gyz doganyň biri. Özem ol maşgalanyň körpe perzendi. Häzirki wagtda onuň diňe iki aýal dogany aýatda diri. Onuň uly agasy polisiýa işgäri eken. Çaga wagty Togrulbeg agzy bilen dürli hereketlerde her dürli saz heňlerine hiňlenip, gijelerine agasyny arkaýyn uklamaga rahatlyk bermändir. Ahyry bir gün onuň bu hereketine çydaman, agasy ony ýörite sazçylyk mekdep-internatyna äkidýär. Barsalar ol ýerde eýýäm gözden geçiriliş tamamlanypdyr. Onsoň agasy: «Gaýrat edip şuny synagdan geçiriň, şunuň agzy bilen saz çalyp oturmasyndan ýaňa gijelerine arkaýyn ukymy alyp bilmämsoň, halys çydaman geldim» diýip ýagdaýy düşündirýär. Onsoň synag topary Togrulbegi pianino saz guralyň ýanyna eltip: «Hany, şu saz guralda saz çalyp ber» diýýärler. Ol şonda saz çalyp başlandan «haçan öwrendikä?» diýip agasynyň özi geň galypdyr. Şeýlelik bilenem ol ilki şol wagtky Respublikan Ýörite sazçylyk mekdep-internatynda, soňra 9-10-njy synplaryny Kaka etrabyndaky 13-nji orta mekdepde okaýar. Orta mekdebi tamamlansoň, şol döwürdäki Türkmen döwlet pedagogik sungat institutynda ýokary bilim alýar. Ol mekdep-internatynda okaýan wagtlary futbol ýaryşlaryna işjeň gatnaşýar eken. Onuň futbol oýnamaga-da ukyplydygyna göwünleri ýetip, «SSSR-iň ýygyndy toparynyň belli oýunçylarynyň biri Ýožef Sabo ýaly ussat oýunçy bolarsyň» diýip, deň-duşlary adyna «Sabo» diýip ýüzlenipdirler. Şeýlelik bilenem onuň Sabo ady ýörgünli bolup galýar. Ol öz döwründe Alagaýyşly festiwalynda ýeňiji bolýar. Onuň maşgala ojagyndaky iş otagynda özüniň çalan «pianino» saz guraly, Afrika döwletine döredijilik sapara gidende sowgat berilen deprek saz guraly, Hindistan Respublikasynda ýurdumyza döredijilik sapary bilen gelen sungat wekilleriniň sowgat beren «Sitara» saz guraly bar eken. Körpe gyzynyň durmuş toýunda «Islenen. GOM.» ýazgy bilen sowgat berilen uly portret suraty diwardan asylgy dur. Ol suraty haýsydyr bir suratkeş sünnäläp çekipdir. Onuň şahsy arhiw suratlary hakynda Orazgül mugallyma käbir sowallar bilen ýüzlendik. Ol:

—Togrulbeg bir mahal Özbegistanyň «Ýalla» aýdym-saz toparynda-da, özbek halkynyň meşhur aýdymçysy Ýulduz Usmanowa dagy bilen bile işledi. Soň şol ýerde geçirilen halkara bäsleşige baranda Türkmenistanyň halk artisti Atabaý Çarygulyýew Togrulbegi ýurdumyza alyp gaýdýar. Soň olar kän ýyl bile işleşdiler. Togrulbeg Atabaýyň ýerine ýetiren halk aýdymlarynyň köpüsini estrada geçirdi. Ynha, onuň öz ýerine ýetiren aýdymlarynyň wideoýazgylary —  diýip, ol el telefonundan Togrulbeg Artykowyň aýdan aýdymlaryny diňletdi. Ol: — 1995-nji ýylda Togrulbeg bilen Türkiýä gezelenje gitdik. Şonda saz guraly satylýan dükana bardyk. Ol saz guraly satyn almak üçin ilki şol guralda saz çalyp hilini barlap gördi. Şonda bir ýigit: «Adym Şawkat, özümem sazanda, gal, sen şu ýerde, biziň toparymyzda işle!» diýip Togrulbege gaty kän ýalbardy. Togrulbeg nirede bolsa-da öz ýurduny küýseýärdi. Birnäçe daşary ýurtlara döredijilik saparlara gitdi. Wetnam döwletinde saparda bolanda Watan hakynda aýdym döredipdi. Häzirki wagtda-da aýdymçylar ol aýdymy «Daş, daş, ara daş» diýip aýdýarlar. Ol «Gara bägüller» filmini saz bilen bezedi. Onuň döreden aýdymlaryny Parahat Amandurdyýew, Jahan Tagyýewa, Nurýagdy Rejebow, Zöhre Gurtnyýazowa, Guwanç Ýazmämmedow, Annaguly Babaýew,  Rahman Hudaýberdiýew we başga-da ýurdumyzyň sungat ýyldyzlarynyň ençemesi ýerine ýetirýärler. Togrulbegiň döredijiligine degişli «Durnalar», «Ezizim», «Mährim», «Mährijemal», «Aýralyk», «Biwepa» we başga-da ençeme aýdymlary häzirki döwürde hem  teleradio ýaýlymlarda ýaňlanyp dur — diýip gürrüň berdi. Soňra-da ol gülüp: «Togrulbegiň döreden aýdymlarynyň arasynda «Mährim», «Mährijemal» atly aýdymlary kän. Ol aýdymlaryň sözlerini sazyny özi ýazansoň, gaýynenem: «Ýoldaşyň haçan görseň «Mähri» diýip zarlap ýör welin, şu gezek gyzyň bolsa adyna Mähri dakjak» diýip üçünji gyzymyzyň adyna Mähri dakdy. Onuň bu syry hakynda welin, başga hiç zat bilemok. Neresse 2014-nji ýylyň 24-nji aprelinde-de dünýeden gaýtdy — diýip dymdy.

Togrulbeg Artykow ussat sazanda, dörediji, hem özboluşly ýerine ýetiriji. Oňa muşdaklary: «Sabo Türkmenistanyň ilkinji estrada täzelikçisi. Onuň owazy bahar şemaly ýaly mylaýym. Ol sazandarlyk edende, entek aýdymyň sazy başlandan saz guralyny aýdymçynyň keýpine görä düzüp bilýärdi. Hat-da ol ýeke özi sazandarlyk edende-de topar bilen sazandarlyk edilýän ýaly, çalasynlyk bilen dürli saz guralyň owazyny bermäge geçiş ukyby güýçlüdi. «Wakodra» saz guralyny çalmaga gaty ussatdy» diýip baha berýärler.

Arhiw suratlary görüp otyrkak meşhur «Şükür bagşy» filminde Gulam bagşynyň keşbini janlandyran ussat artist Hojan Öwezgelenowyň bir topar suratlary bar eken. Gyzyklanyp soradym welin, Orazgül gelneje bu artistiň körpe gyzy eken. Ol: «Üç aýal, dört erkek dogandan ýeke özüm galdym» diýip gamgyn halda gürrüňini dowam etdi. — Atam ýüň darak ýasaýan ussa bolansoň, ol «Öwezgelen darakçy» diýlip tanalýan eken. Kakam Duşakda doglan, Şükür bagşy bilen obadaş. Bir gün Şükür bagşy garran wagty atamyň ýanyna gelýär. Şol wagt hem çaga bolansoň, kakam daşarda oýnap ýören eken. Şükür bagşy kakama gapymyzdaky tut agajyndan dutar ýasap berýär. Soň ol kakama kiçiliginden dutar çalmagy öwredýär. Kakam mekdebi gutaransoň, hasapçylyk hünärinden bilim alýar. Soň bolsa polisiýa işgäri bolup, etrabymyzda bu ugurdan ýolbaşçy wezipede işlänsoň, «Hojan milise» diýlip tanalýardy. Ýöne öz esasy işiniň daşyndan etrabymyzdaky toý-tomaşalarda saz çalardy. Bulat Mansurow «Şükür bagşy» filmini surata düşürjek bolanda Şükür bagşynyň öz çalan sazlaryny bilýän sazanda gözläp başlaýar. Şonda: «Şükür bagşynyň hakyky şägirdi» diýip, kakamy salgy berýärler. Şeýlelik bilenem kakamy paýtagta alyp gaýdýarlar. Kakam Şükür bagşynyň keşbini döreden Aman Handurdyýewe halypasyndan öwrenen sazlaryny öwredip, bir aý paýtagtymyzdaky «Türkmenistan» myhmanhanasynda türgenleşik geçýärler. «Kakamy göresim gelýär» diýemsoň, ejem elimden tutup şol myhmanhana kakamyň yzyndan getireni häzirem ýadymda. Türgenleşikden soň kakama: «Gulam bagşynyň keşbini döretmegem saňa ynanýas» diýýärler. Kakamyň kino sahnasynda döreden Gulam bagşynyň keşbi şowuna düşenligi üçin bolsa, soň oňa ýene «Gelin», «Aýal ata çykanda» we başga-da birnäçe kinolarda keşpler ynanylýar. «Gelin» kinosynda döreden keşbi üçin Döwlet baýragyna mynasyp bolýar. Şeýdibem kakam sungat wekilleriniň hataryna goşulýar. Maşgalamyzda agam Çary Hojanow hem artistdi. Ol hem birnäçe kinolarda dürli keşpler döredipdi» diýip, onuň meşhur artistler Sabyr Ataýewa, Kerim Annanow dagy bilen düşen suratlary bilen tanyşdyrdy. «Kakam ýedinji synpda okaýarkam ýogaldy» diýip gürrüň berdi. Orazgül gelnejäniň aýdan gürrüňlerini başardygymdan kagyza geçirdim. Soňra bolsa, Togrulbeg Artykowyň bile işleşen kärdeşleriniň käbirleri bilen gürrüňdeş bolup, olaryň hem Togrulbeg barada aýdan ýakymly ýatlamalaryny ýazgy etdik. Ilki bilen sungat wekilleriniň arasynda (Öwez çeh) lakamy ýörgünli bolan halypa sazanda Öwezberdi Öwezberdiýew bilen gürrüňdeş bolduk. (Okyjylaryň bu sazandanyň çeh lakamy barada gyzyklanmaklary mümkin diýen pikir bilen ol hakynda hem düşündirmegi makul bildik. Öwez aga okuwçy döwründe mekdepde «pionerler otagy» bar eken. Mekdep okuwçylary doganlyk halklaryň şeýle hem daşary ýurtlaryň okuwçylary bilen dostlukly hat alyşýarlar eken. Her okuwça haýsy ýurtdan hat gelýän bolsa, pionerler  otagyndaky dostluk burçunda goýulýar eken. Şonda Öwez aga her gezek Çehoslowakiýaly bir okuwçy gyzdan ýygy-ýygydan hat gelýär eken. Her gezek hat gelende-de poçtalýon sag elinde hatly bukjany ýokaryk galdyryp: «Öwez, çe-eh» diýip gaty sesi bilen gygyryp gowşurýan eken. Şeýdibem Öwez çeh lakamy galypdyr.) Öwez aga:

— Togrulbegiň (Saboň) ejesi ejemiň özünden uly aýal dogany. Sabo Respublikan Ýörite sazçylyk mekdep-internatynda baýan saz guralyndan okady. Şol wagtlar maşgalamyz mekdep-internatynyň golaýynda ýaşaýardy. Sabo bilen bileräk okadyk. Men Türkmen döwlet pedagogik Sungat institutynada onuň bilen bile girdim. Ol aýdym-saz bölümine, men kakylyp çalynýan saz gurallar bölümine girdim. Saboň kakasy taryhçydy. Şonuň üçin çagalarynyň atlary taryhy şahsyýetleriň atlary. Sabo ýokary okuw mekdebiň birinji ýyllyk talybyka kakasy ýogaldy. Meşhur Çuwal bagşynyň şägirdi Artykmämmet bagşy Sabonyň kakasynyň dogany. Artykmämmet bagşynyň ogly Goşa bagşy, bularyň arhiw ýazgylary radionyň hazynasynda saklanýar. Sabonyň uly agasy Arslan hem ökde sazandady. Ol gitara saz guralyny çalyp aýdym aýdardy hem sazyny sözlerini özi döreden ençeme aýdymlary bar. Sabo bilen kän toýlarda, baýramçylyklarda bile çykyş etdik. Nurýagdy Tokgaýewiň açan «Çynar», Şamämmet Bäşimowyň döreden «Dessan» aýdym-saz toparlarynda bile işledik.Onuň bilen 1978-nji ýylda Sankt-Peterburg şäherine gidip iki sany akkordeon saz guralyny,1979-njy ýylda Baku şäherine gidip «Garmon» saz guralyny satyn alyp geldik. Sabo sanardan kän aýdymlary döretdi. Ol kompozitorçylyk ugrundan Türkmenistanyň halk artisti Nury Halmämmedowdan sapak aldy. Şonuň üçin Sabonyň döreden aýdymlarynyň her biri ýüz aýdyma degýär. Türkmenistanyň Halk artisti Akmuhammet Saparowyň: «Bilmen, läläm bilmen, Söwer ýarym näme aglaýaň…» diýip aýdýan ajaýyp aýdymynyň sazyny, sözlerini Sabo döretdi. Sabo saz çalanda sada hem owadan çalýardy. Onuň bilen işlän döwürlerimiz hiç-hili şertiň ýok mahallarydy. Filarmoniýanyň köneje binasynda gyşyň günleri ýylylyksyz, tomsuň günleri sowadyjysyz juda kyn ýagdaýlarda işledik. Häzirki ýaly oňyn şertler ýokdy. Sabonyň döreden aýdymlarynyň köpüsini zehinli aýdymçy Nurýagdy Pejebow ýerine ýetirýär. Sabo meniň üçin gaýtalanmajak zehinleriň biri — diýip ýatlady. Türkmenistanyň halk artisti Annagül Gurdowa bolsa: «Sabo ýaly zehinler indi gaýtalanmaz. Onuň kellesi sazdan ýasalan ýalydy. Onuň bilen häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bile işledik. Maşgala ojagy bilen ýakyn gatnaşykda bolduk. Ol boýy kelteräk , tokgaja ak ýüzli owadan oglandy. Gelni Orazgülüň boýy syratly. Ikisi şeýlebir agzybirdiler, edil goşa gumry ýaly diýdirýärdi. Çagalarynyň terbiýesine haýran galýardym. Ownuk çagalardyr welin, şeýlebir tertiplidi. Sabo bilen toýlara kän giderdik. Haýsy toýa barsak ýaşlar onuň meşhur «Durnalar» aýdymyny ýatlap: «Durnalar» diýip gygyryşardylar. Ol bolsa kalby joşgunlydy. Saz çalanda aýdymyň bir bendiniň özüni näçe görnüş ritm bilen bezäp bilýärdi.Islendik goşgyny berip aýdym döret diýseň döredip bilýärdi. Onuň halk aýdymlary estrada geçirmekde bitiren hyzmatlarynyň özi aýratyn tarypa mynasypdyr» diýip baha berdi. Bir zada haýran galdym. Söhbetdeş bolan sungat wekillerim Sabonyň aýdymlarynyň iň bolmanda ikisine-üçüsine hiňlenip ýatlamalaryny aýdym bilen bezäp gürrüň berdiler. Ol aýdymlar bolsa hakydamyzda ýaşap ýören aýdymlar bolansoň, sözleri sazy biygtyýar ýadyňa düşüp dur. Ýaşlyk döwrümize dolanan ýaly bolduk.

Akgül Saparowa.

 

Saparmämmet Mollaniýazow:   Watan waspy — ylham ganaty