TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Şa zenany Ýelizawetanyň rekordlary

68 ýyl mundan ozal tagta geçen Ýelizaweta II aradan geçen uzyn ýyllaryň dowamynda birnäçe gezek Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi başardy. Ol häzirki wagta çenli iň ýaşuly we iň baý Şa zenany bolmak bilen birnäçe sapar Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp ornuny aldy.

  1. 2007-nji ýylyň dekabr aýynyň 21-ine 81 ýaş 244 gününi dolduran Şa zenany Ýelizaweta Britaniýanyň iň ýaşuly Şa zenany diýen ada eýe boldy.
  2. Şa zenany Ýelizaweta 2015-nji ýylyň sentýabr aýynyň 9-yna dünýäniň iň uzak höküm süren Şa aýaly hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi başardy. Ol 63 ýyl höküm süren Şa aýaly Wiktoriýanyň rekordyny täzeledi.
  3. Şa zenany Ýelizaweta 2015-nji ýylda Saud Arabystanyň Patyşasy Abdullah Bin Abdulaziz al-Saud 90 ýaşynda aradan çykandan soň, dünýäniň iň ýaşuly hökümdary boldy. Şa zenany Ýelizaweta häzirki wagtda dünýäniň iň ýaşuly 4-nji hökümdarydyr.
  4. Şa zenany Ýelizawetanyň şekili azyndan 35 döwletiň teňňelerine ýerleşdirildi.
  5. «Sunday Times»-yň 2012-nji ýyldaky beren habaryna görä, Şa aýalynyň sungat eserleri, ýadygärlik sowgatlary we emläkleri 504 million amerikan dollaryna barabar diýlip çaklanylýar.
  6. Bütindünýä Ginnesiň rekordlar kitabyna görä, Şa zenany Ýelizaweta şol bir wagtyň özünde 16 ýurt bilen bir wagtyň özünde kanuny hökümdar bolan garaşsyz ýurtlaryň sany boýunça rekordyny saklaýar.

 

Ýene-de okaň

Gazagystanyň ilkinji prezident dalaşgäri

Türkmenistanyň wekiliýeti Fransiýada iş saparynda bolýar

Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk babatda hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Teswirle