TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“S7” awiakompaniýasy Türkmenistana uçar gatnawlaryny köpelder

Russiýa Federasiýasynyň “S7” awiakompaniýasy 2022-nji ýylyň dekabr aýyndan Türkmenistana amala aşyrýan gatnawlarynyň sanyny 2-ä çykarýar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň “Telegram” jemgyýetçilik torunda mälim edilýär.

Şol habarnamada: “2022-nji ýylyň dekabr aýyndan “S7″ awiakompaniýasy ozalky duşenbe gününden başga-da perşenbe günleri hem awiagatnawlary amala aşyrar” diýlip bellenilýär.

Uçar gatnawlarynyň tertibi:

  • “S7-3237” Moskwa-Tükrmenbaşy: uçýan wagty-03:30, gonýan wagty 09:08
  • “S7-3238” Türkmenbaşy-Moskwa: uçýan wagty 10:05, gonýan wagty 11:35

Uçaryň uçýan we gonýan wagtlary ýerli wagtda görkezilendir.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, 17-nji oktýabrdan Russiýanyň «S7 Airlines» awiakompaniýasynyň Moskwa — Türkmenbaşy — Moskwa ugry boýunça yzygiderli uçar gatnawlaryny amala aşyryp başlapdy.

Ýene-de okaň

Şäherara awtobus petekleriniň onlaýn satuwy

Daşoguzda täze saglyk öýi açyldy

THY: Aşgabat şäherine adaty gatnawlar başlaýar

Baş Redaktor

Teswirle