TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

S.Berdimuhamedow Russiýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň mejlisine gatnaşan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow Russiýanyň Hökümetiň Başlygy Mihail Mişustin bilen duşuşdy. Bu barada Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Kazan şäherinde geçirilen duşuşyga Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow hem gatnaşdy. Duşuşykda türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Duşuşykda çykyş eden Russiýanyň Hökümetiň Başlygy Mihail Mişustin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowa atasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly çuňňur gynanjyny beýan etdi we munuň Türkmenistanyň halky üçin uly ýitgi bolup durýandygyny belledi.

Türkmen-rus gatnaşyklary barada durup geçen Mişustin bilelikdäki taslamalar bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna täze itergi bermegi meýilleşdirýändiklerini belledi. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar babatda hökümetara topar işjeň iş alyp barýandygyny bellän Mişustin S.Berdimuhamedowy türkmen tarapyndan bu toparyň başlyklygyna saýlanmagy bilen gutlady.

Dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, söwda ulgamynda ösüşleriň gazanylandygyny, 2019-njy ýyl bilen deňeşdireniňde, haryt dolanyşygynyň 40 göterim artyp, 1 milliard dollara golaýlandygyny we munuň soňky ýyllardaky oňat görkezijileriň biridigini belledi.

Mişustin nebitgaz, oba hojalygy, aragatnaşyk, saglygy goraýyş we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini, bilim pudagyndaky ösüşleriň netijesinde, Russiýada bilim alýan talyplaryň sanynyň yzgiderli ýokarlanýandygyny we olaryň häzir 30 müňden gowrakdygyny belledi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow çykyş etdi. S.Berdimuhamedow öz çykyşynda bir aý mundan ozal türkmen wekiliýetiniň Moskwada saparda bolandygyny, şol saparyň çäklerinde 60-dan gowrak döwlet we iri rus kompaniýalarynyň wekilleri bilen gepleşikleriň geçirilendigini we 10-dan gowrak ikitaraplaýyn ylalaşyga gol çekilendigini belledi.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde ilkinji gezek gatnaşandygyny belläp, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berilýändigini aýtdy.

S.Berdimuhamedow söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada durup geçip, geçen ýyl Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 1,374 milliard dollara deň bolandygyny, ähli ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini belledi.

Medeni we ynsanperwer ulgamlarynda türkmen-rus gatnaşyklary barada aýdylanda, Türkmenistanda rus diliniň öwredilmegine uly ähmiýet berilýändigi, pandemiýadan öň Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde 36 müň türkmen talybynyň bilim alýandygy bellenilip geçildi.

Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň mejlisi tamamlanandan soňra oňa gatnaşyjylar Tatarystanyň senagat we ykdysady gazananlarynyň sergisine gatnaşdy. Sergi “Kazan Ekspo” sergi merkezinde geçirildi.

 

Açyk gapylar: Döwlet çeperçilik akademiýasy

 

Ýene-de okaň

Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk babatda hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Gruziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

“Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçiriler

Teswirle