TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIMTALYP 2022

Talyp-2022:S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebi

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebi 2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Oba hojalygynyň mehanizasiýasy.
2. Buhgalterçilik hasaba alnyşy.
3. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.
4. Weterinariýa.
5. Ýer ulanylyşy.
6. Maglumat ulgamlary.
7. Oba hojalyk önümleriniň tehnologiýasy we gaýtadan işlenilmegi.
8. Dokma önümçiligi.
9. Pagtany ilkinji işläp taýýarlamagyň tehnologiýasy.

Baý­ra­ma­ly ag­ro­se­na­gat or­ta hünär okuw mek­de­bi­ne Türk­me­nis­tanyň umu­my or­ta bi­lim­den pes bolma­dyk bin­ýat­da bi­li­mi bo­lan, ýa­şy 35-den geç­me­dik ra­ýat­la­ry gi­riş synag­la­ry­nyň neti­je­le­ri bo­ýun­ça bäsle­şik esa­syn­da ka­bul edil­ýär. Oku­wyň möh­le­ti 2 ýyl. Baý­ra­ma­ly ag­ro­se­na­gat or­ta hünär okuw mek­de­bin­de okuw­lar töleg­li esas­da al­nyp ba­ryl­ýar.

Resmi iş kagyzlary Baý­ra­ma­ly şä­he­rin­de 2022-nji ýy­lyň 11-nji iýu­ly — 13-nji aw­gus­ty ara­ly­gyn­da ka­bul edil­ýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bel­le­ni­len nus­ga­da di­rek­to­ryň ady­na ýa­zy­lan ar­za;

— bel­le­ni­len nus­ga­da­ky so­walna­ma (an­ke­ta);

— bi­li­mi ba­ra­da­ky res­mi­na­ma(asyl nus­ga­sy);

— Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy gora­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistrli­gi ta­ra­pyn­dan bel­le­ni­len nus­ga­daky sag­lyk ke­pil­na­ma­sy;

—soň­ky okan ýe­rin­den (iş­län ýe­rinden, har­by bö­lüm­den) hä­si­ýet­na­ma;

— bel­le­ni­len nus­ga bo­ýun­ça okuw üçin tö­le­gi öz wag­tyn­da amal et­me­giň ke­pil ha­ty;

— 3×4 sm öl­çeg­dä­ki se­kiz sa­ny fo­to­su­rat;

— iş­le­ýän­ler üçin zäh­met depder­çe­si­niň tas­syk­la­nan gö­çür­me­si;

— okuw ders­le­ri bo­ýun­ça mekdep okuw­çy­la­ry­nyň döw­let bäs­le­şi­giniň ýe­ňi­ji­le­ri‚ hal­ka­ra   bäs le­şik­le­ri­ne gat­na­şan Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry şol ýag­daý­la­ry
tas­syk­la­ýan de­giş­li res­mi­na­ma­nyň asyl nus­ga­sy­ny tab­şyr­ýar.
Bu­lar­dan baş­ga-da, oku­wa girmä­ge is­leg bil­dir­ýän­ler, ýo­kar­da  gör­ke­zi­len res­mi­na­ma­lar   bi­len birlik­de, res­mi­na­ma­la­ry ka­bul ed­ýän iş to­pa­ry­na aşak­da­ky­la­ry gör­kez­ýär­ler    we nus­ga­la­ry­ny tab­şyr­ýar­lar:

— pas­por­ty­ny;

— har­by şa­ha­dat­na­ma­sy­ny ýada ýa­zy­lyş şa­ha­dat­na­ma­sy­ny we ýa­şa­ýan ýe­ri bo­ýun­ça har­by we­killik­den gü­wä­ha­ty­ny.
Da­laş­gär bäs­le­şik­siz we (ýa-da) oku­wa ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç
hu­kuk­dan peý­da­lan­ýan­dy­gy­ny tassyk­la­ýan beý­le­ki res­mi­na­ma­la­ry gör­ke­zip bi­ler.
Nä­dog­ry ber­len mag­lu­mat­lar we galp res­mi iş ka­gyz­la­ry üçin da­laşgär şah­sy jo­gap­kär­çi­lik çek­ýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň Baý­ra­ma­ly ag­ro­se­na­gat or­ta hü­när okuw mek­de­bin­de (Baý­ra­ma­ly şäheri)
2022-nji ýy­lyň aw­gust aýy­nyň 16—17si, 19-y we 20-si gün­le­rin­de ge­çi­ril­ýär.

Giriş synaglary aşak­da­ky okuw ders­le­ri bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýär:
hü­när­ler: weterinariýa; oba hojalyk önümleriniň tehnologiýasy we gaýtadan işlenilmegi — biolo­gi­ýa, hi­mi­ýa, Türk­me­nis­ta­nyň tary­hy;
hü­när­ler: oba hojalygynyň mehanizasiýasy; ýer ulanylyşy; maglumat ulgamlary — ma­te­mati­ka, fi­zi­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;
hü­när­ler: ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş; buhgalterçilik hasaba alnyşy — ma­te­ma­ti­ka,
bio­lo­gi­ýa, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;
hü­när­ler: dokma önümçiligi; pagtany ilkinji işläp taýýarlamagyň tehnologiýasy — hi­mi­ýa, fi­zika, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy.

Okuw ders­le­ri bo­ýun­ça gi­riş synag­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň or­ta mekdep­le­ri­niň okuw mak­sat­na­ma­la­rynyň esa­syn­da ge­çi­ril­ýär. Okuw ders­ler bo­ýun­ça gi­riş synag­la­ry döw­let di­lin­de dil­den ge­çiril­ýär. Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ter­ti­bin­de bel­le­nen wagt­da sy­na­ga esas­syz se­bäp­le­re gö­rä  ge­lip bil­me­dik­ler ýada ders­le­riň bi­ri bo­ýun­ça sy­nag­dan ge­çip bil­me­dik­ler soň­ky sy­nag­la­ra
goý­be­ril­me­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ryn­dan üs­tün­likli ge­çen ýag­da­ýyn­da, bäsleşiksiz
we talyplyga kabul edilmek üçin
artykmaç hukukdan:
— soň­ky 2-3 ýy­lyň do­wa­myn­da ýo­ka­ry ne­ti­je­ler ga­za­nan we et­rap hä­kim­li­gi ta­ra­pyn­dan de­giş­li hü­närle­re hö­dür­le­nen kä­ren­de­çi­ler we mülk­dar­lar;
— “Bi­lim ha­kyn­da” Türk­me­nista­nyň Ka­nu­ny­nyň re­je­le­nen gör­nüşin­de kes­git­le­nen          düz­gün­le re la­ýyk gel­ýän­ler peý­da­lan­ýar­lar.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň salgysy:Mary welaýaty, Baýramaly ş., Talyplar köçesi, 1,tel.: 6-38-41, 6-38-19, 6-07-84.

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Ýurdumyzda italýan dili öwredilýär

Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi gurlar

Türkmenistanyň wekiliýeti “Bilimi özgertmek boýunça sammite” gatnaşýar

Teswirle