BILIM

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Açyk gapylar» güni geçiriler

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti 2020-2021-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine girmäge isleg bildirýän ýaşlary şu ýylyň 18-nji aprelinde, 16-njy maýynda we 6-njy iýunynda «Açyk gapylar» gününe çagyrýar. Bu günlerde ýaşlar ýokary okuw mekdebi bilen tanyşdyrylar, olara uniwersitete girmek üçin talap edilýän resminamalar, okuw mekdebinde okadylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-tejribeçilik hem-de medeni-köpçülik işleri barada giňişleýin maglumat berler.

«Açyk gapylar» günleri görkezilen salgylarda sagat 9:00-da başlanýar:

Aşgabat şäheriniň, Ahal we Balkan welaýatlarynyň ýaşlary üçin S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde. Salgysy: Aşgabat şäheriniň 2009 (Görogly) köçesiniň 143-nji jaýy. Telefon belgileri: 34-07-77; 34-25-64; 34-27-09.

Daşoguz welaýatynyň ýaşlary üçin Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynda. Salgysy: Daşoguz şäheriniň Ruhnama köçesiniň 94-nji jaýy. Telefon belgileri: 800322-9-33-92, 800322-9-40-68.

Lebap welaýatynyň ýaşlary üçin Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde. Salgysy: Türkmenabat şäheriniň Zelili köçesiniň 1-nji «A» jaýy. Telefon belgileri: 800422-9-89-56; 800422-9-87-71; 800422-9-88-12.

Mary welaýatynyň ýaşlary üçin Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde. Salgysy: Baýramaly şäheriniň Talyplar köçesiniň 1-nji jaýy. Telefon belgileri: 800564-6-00-83; 800564-6-07-84; 800564-6-30-82.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Tatarystan bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen okuwçylar Kuala-Lumpurda ýeňiş gazandylar

Türkmen wekiliýeti Kataryň «Bilim şäherçesine» baryp gördi

Türkmenistan we Katar bilim pudagynda hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Ata Watan Eserleri

Phrasal verbs ýa-da Durnukly Söz düzümleri

Türkmenistanyň bilim ministriniň Katara sapary

Ata Watan Eserleri