Nemes futbolçysy Antonio Rýudiger Angliýanyň “Çelsi” toparyndan Ispaniýanyň “Real Madrid” toparyna geçdi.
Madrid topary merkezi goragçy bilen ylalaşyk gazanylandygyny mälim etdi. Bu oýunçy bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşyldy. “Çelsi” topary hem bu transferi tassyklady.
Nemes futbolçysy “Real Madrid” toparyna mugt geçdi. Bilşimiz ýaly, Rýudigeriň “Çelsi” toparyndaky şertnamasynyň möhleti tamamlandy.
Antonio Rýudiger 2017-nji ýyldan bäri “Çelsi” toparynyň düzüminde çykyş edip gelýärdi. Ol bu toparyň düzüminde 203 duşuşykda oýnap, 12 gol geçirdi. Ol “Çelsi” topary bilen 5 kubok gazandy – Çempionlar ligasy, Ýewropa ligasy, Angliýanyň kubogy, Ýewropanyň Superkubogy we klublaryň dünýä çempionatynyň kubogyny gazanypdy.