JEMGYÝET

Russiýanyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidentine gutlag hatlaryny iberdi

Russiýanyň ýolbaşçy düzümi Türkmenistanyň Prezidentini Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy bilen gutlap, gutlag hatlaryny iberdi.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin, Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Dmitriý Medwedew gutlag hatlaryny iberipdir.

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi we Türkmenistanyň ähli halkyny Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Şu ajaýyp günde biz uruş gahrymanlaryny we tylda zähmet çekenleri sarpalaýarys, olaryň deňsiz-taýsyz edermenligine, gaýduwsyzlygyna hem-de watançylygyna hormat goýýarys.

Russiýalylaryň hem-de türkmenistanlylaryň ýaş nesilleriniň öz ata-babalary baradaky hakyda mynasyp boljakdyklaryna, olaryň wesýet eden dostluk we özara goldaw bermek däplerini gorap saklajakdyklaryna, berkitjekdiklerine ynanýaryn. Munuň özi döwletlerimiziň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy we netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmekde örän möhümdir.

Ýurduňyzyň uruş weteranlaryna we tylda zähmet çekenlere tüýs ýürekden hoşallyk sözlerimi ýetirmegiňizi Sizden haýyş edýärin hem-de olara berk jan saglyk, abadançylyk, uzak ömür, Türkmenistanyň ähli raýatlaryna bolsa parahatçylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Wladimir PUTIN,
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul ediň!

Bu gün Russiýanyň we Türkmenistanyň doganlyk halklary üçin buýsanjyň, gussanyň hem-de dünýäni faşizmden halas eden ata-babalarymyzyň gahrymançylygy baradaky baky hakydanyň günüdir. Olar uly kynçylyklary hem-de pidalary çekip, geljekki nesilleriň parahat durmuşyny we erkinligini goradylar.

Söweş ýyllarynda kemala gelen dostluk däpleriniň Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mundan beýläk-de berk binýat bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Türkmenistanda ýaşaýan frontçy weteranlara hem-de tylda zähmet çekenlere berk jan saglyk, uzak ömür, parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlarymy ýetirmegiňizi Sizden haýyş edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Mihail MIŞUSTIN,
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Russiýanyň we Türkmenistanyň halklarynyň, söweş meýdanlarynda gahrymançylykly göreşenleriň hem-de tylda gaýratly zähmet çekenleriň ählisiniň ölmez-ýitmez edermenligi biziň hakydamyzda baky galar. Olar agyr söweşlerde egin-egne berip, geljekki nesillerimiziň azatlygyny we bagtyýar durmuşyny goradylar.

Biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň öňden gelýän dostluk hem-de özara kömek bermek däpleriniň Russiýanyň we Türkmenistanyň mundan beýläk-de gatnaşyklary üstünlikli ösdürmegiň, strategik hyzmatdaşlygyň berk binýady bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Türkmenistanda ýaşaýan Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna hem-de tylda zähmet çekenlere tüýs ýürekden hoşallyk sözlerimi we berk jan saglyk hem-de abadançylyk baradaky arzuwlarymy ýetirmegiňizi Sizden haýyş edýärin.

Hormatlamak bilen,

Dmitriý MEDWEDEW,
Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary.

Ýene-de okaň

Saud Arabystanynyň haj we umra ministriniň Aşgabada sapary

Türkmen halkynyň Milli Lideri Wladimir Putini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Wladimir Putini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy

Magtymguly Pyragy: Aşgabat halkara foruma taýýarlanýar

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Täjigistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady