TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Russiýanyň «Ural» tans toparynyň Türkmenistandaky ilkinji çykyşy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli Russiýa Federasiýasynyň Çelýabinsk döwlet filarmoniýasynyň «Ural» tans toparynyň konserti geçirildi. Bu meşhur toparyň tansçylary Çelýabinsk oblastynyň gubernatorynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzüminde ýurdumyzda bolýarlar.

Dabaranyň başynda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin «Mukam» skripkaçylar toparynyň çeper ýolbaşçysy Garold Neýmarka «Puşkin» medalyny gowşurdy. Prezident Wladimir Putiniň degişli Permany bilen, ol dostlukly ýurduň bu ýokary sylagyna Türkmenistanyň we Russiýanyň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmäge goşan goşandy, şeýle-de medeniýetde, sungatda gazanan üstünlikleri üçin mynasyp boldy.

Soňra teatryň sahnasynda «Ural» döwlet tans toparynyň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli taýýarlan dostluk konserti ýaýbaňlandyryldy. Konsert maksatnamasy toparyň altyn gaznasyna giren horeografik çykyşlaryň 12-sini öz içine aldy. «Dostluk çemeni» atly çykyş bilen başlanan joşgunly tanslarda Ural sebitlerinde ýaşaýan halklaryň tans sungatynyň özboluşly aýratynlyklary giňden açylyp görkezildi.

Çelýabinsk döwlet filarmoniýasynyň 1980-nji ýylda döredilen «Ural» tans topary diňe bir Çelýabinsk oblastynda däl, eýsem, tutuş Ural sebitinde öňdebaryjy tans toparlarynyň biri hasaplanýar. Bu döredijilik topary Russiýanyň çäginde we halkara derejede geçirilýän abraýly bäsleşiklerdir festiwallaryň ýeňijisi bolup, dünýäniň ençeme döwletinde öz ajaýyp çykyşlary bilen tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazandy.

Ýene-de okaň

Aşgabatda halkara aýdym-saz festiwaly açyldy

Aşgabatda Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günleri başlandy

Orazgül Gurdowa 70 ýaşady

Ata Watan Eserleri

Teswirle