DÜNÝÄ

Russiýanyň iri şäherlerinden Türkmenistana uçar gatnawyny guramak teklip edildi

Russiýa Türkmenistana Russiýanyň birnäçe şäherlerden uçar gatnawlaryny ýola gomýagy teklip etdi. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin “Orient” neşirine beren interwýusynda belläp geçdi.

– Meniň pikirimçe, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky howa we deňiz ulag ugry boýunça ýolagçy gatnawlarynyň möçberini artdyrmak babatda gepleşikleri işjeňleşdirmek zerur. Rus tarapyndan Sankt-Peterburg, Ýekaterinburg, Astrahan we Nowosibirsk ýaly şäherler boýunça uçar gatnawlaryny, şeýle hem Hazar deňzi boýunça deňiz syýahatyny guramak teklip edildi. Munuň medeni-taryhy, lukmançylyk we şypahana syýahatçylygynyň ösdürilmegine şert döretjekdigine ynanýaryn – diýip, Russiýanyň ilçisi belledi.

Rus ilçisi häzirki wagtda Russiýanyň wizasyny resmileşdirmekde oňta netijeleriň gazanylandygyny belläp, 2019-njy ýylda 60 müň wiza berlen bolsa, 2023-nji ýylda bu görkeziji 73 müňe deň bolup, onuň 36 müňi syýahatçylyk, 19 müňüsi bolsa okuw ugry boýunça wizalar bolup durýandygyny aýtdy.

Şeýle hem ilçi 2024-nji ýylyň 5 aýynda 46 müň wizanyň resmileşdirilendigini belläp, oňat görkezijileriň gazanylýandygy aýtdy.

Häzirki wagtda Türkmenistandan Russiýa 2 awiakompaniýa “Türkmenistan” we “S7” awiakompaniýasy Moskwa we Kazan ugurlary boýunça uçar gatnawlaryny ýerine ýetirýär.

Ýene-de okaň

Özbegistan we Gyrgyzystan söwda möçberini 2 milliard dollara ýetirer

Jeýms Dewid Wens ABŞ-nyň wise-prezidentligine dalaşgär

Slowakiýa Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Slowakiýa sapary

Türkmenistanyň we Yragyň BAE-däki ilçileriniň duşuşygy

Türkmenistanyň ilçisiniň BAE-niň Daşary işler ministrligindäki duşuşygy