SPORT

Russiýanyň futbol çempionaty badalga alýar

Şu gün Russiýanyň futbol boýunça milli çempionaty badalga alýar. Täze 2021/22-nji möwsüm «Rostow» bilen «Dinamo» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk bilen başlaýar.

Şenbe güni bolsa futbol janköýerlerine ýene-de birnäçe gyzykly duşuşyklar garaşýar. Geçen ýylyň çempiony “Zenit” topary myhmançylykda “Himki” topary, “Spartak” bilen “Rubin” topary duşuşýan bolsa, “Lokomotiw” öz meýdançasynda “Arsenal” toparyny kabul eder.

Dynç güni bolsa “Krasnodar” topary “Ural” topary bilen myhmançylykda duşuşýan bolsa, SSKA topary Moskwa şäherinde “Ufa” toparyny kabul eder.

Milli çempionatyň birinji tapgyry duşenbe güni geçiriljek “Nižniý Nowgorod” bilen “Soçi” toparlarynyň arasyndaky duşuşyk bilen tamamlanar.

Çempionatyň ilkinji duşuşygy tomaşaçysyz geçiriler. Bu barada Rostow sebitiniň Arassaçylyk we sanitariýa edarasy koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly degişli çözgüt kabul etdi. Çempionatyň beýleki duşuşyklaryna hem tomaşaçy goýberip-goýbermezlik ýagdaýyna her sebitiň öz Arassaçylyk we sanitariýa edaralary karar berer.

Russiýanyň futbol boýunça milli çempionatyna 16 topar gatnaşýar we 30-njy tapgyrdan soňra çempion belli bolýar.

 

 

Ispaniýa “Ýewropanyň Golliwudyna” öwrüler

 

Ýene-de okaň

“Barselona” topary Wirjil wan Deýk bilen gyzyklanýar

2024-nji ýylda türkmen türgenleri 752 medal gazandy

Türkmen hokkeýçileriniň Hytaýdaky uly hasaply ýeňişleri

Ata Watan Eserleri

Ramos Meksikada futbol karýerasyny dowam etdirer

Türkmen eminleri zenanlar futzal halkara ýaryşynda eminlik ederler

Futzal boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy CAFA-nyň çempionatyna gatnaşar