BIZNES

Russiýanyň Federal gümrük gullugynyň wekiliýeti Aşgabada sapar bilen geldi

Russiýa Federasiýasynyň Federal gümrük gullugynyň wekiliýeti Aşgabada iki günlük iş sapary bilen geldi.

Russiýanyň gümrükçileriniň iş sapary 2022-2023-nji ýyllar üçin bilelikdäki Iş meýilnamasynyň çäginde bilelikdäki işçi toparynyň duşuşyklaryny geçirmek üçin guraldy.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda wekiliýetleriň agzalarynyň iş duşuşuyklary geçirildi. Duşuşykda Bilelikdäki Meýilnamada bellenen çäreleriň ýerine ýetirilişi, geljeki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde durulyp geçildi. Husuan-da, Ygtyýarly ykdysady operatoryň degişli edaralaryny özara ykrar etmek baradaky ylalaşygyň taslamasy, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda harytlar we ulag serişdeleri geçirilende ýönekeý gümrük geçelgesi amalyny ulanmak barada taslama, Russiýanyň gümrük akademiýasynda işgärleri taýýarlamak meselesi, özara maglumat alyşmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ertir, 19-njy sentýabrda, Halkara gümrük terminalyna baryp görmek we Arkadag şäheriniň gümrükhanasynda gepleşikleri geçirmeklik meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Türkmen senetçilerine önümlerini dünýä bazarlaryna çykarmaga mümkinçilik döredilýär

German kompaniýalary bilen Garlyk magdan toplumy boýunça hyzmatdaşlyk etmek meýilleşdirilýär

Türkmen-german işewürlik maslahaty: köp sanly ylalaşyklara gol çekildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Germaniýanyň banklaryny Türkmenistanyň banklary bilen göni gatnaşyklary işjeň ösdürmäge çagyrdy

German kompaniýalary Arkadag şäheriniň taslamalaryna gatnaşmaga çagyryldy

Germaniýaly işewürlere elektroenergetika pudagynda işlemek mümkinçiligine garamagy teklip edildi