TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Russiýanyň “COVID-19”-a garşy öňüni alyş çäreleri

Russiýa Federasiýasynda “COVID-19” ýokanjyna garşy göreşi güýçlendirmek maksady bilen birnäçe çäreleri geçirmek göz öňünde tutuldy.

Ýurtda bu ýokançlyk boýunça çylşyşrymly ýagdaýyň dowam edýändigi göz öňünde tutulyp, Russiýanyň Prezidentiniň gol çeken kararyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň 30-njy oktýabry-7-nji noýabry aralygy zähmet haky saklanyp galmak şerti bilen iş güni däl diýlip yglan edildi.

Ýurduň Prezidenti bu karara gol çekmek bilen, pandemiýanyň täze tolkunynyň iň ýokary derejesini pese gaçyrmak üçin şeýle karara gelnendigini beleldi. Şeýle hem Wladimir Putin sebitleriň ýolbaşçylaryna öz ýerlerindäki emele gelen ýagdaýy göz öňünde tutup, goşmaça iş güni däl günleri berip biljekdigini mälim etdi.

Şoňa laýyklykda, Perm, Nižegorodsk, Samara we Kursk sebitlerinde iş güni däl günler 25-nji oktýabrdan başlap, 7-nji noýabra çenli dowam edýär.

PUTINIŇ KÄBIR TEKLIPLERI

Wladimir Putin ýurduň raýatlaryny kornawirus ýokanjyna garşy höweslendirmek hem-de bu ýokanjyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin käbir teklipleri öňe sürdi.

Ýurduň Prezidenti koronawirus ýokanjyna garşy sanjym alan işleýän rus raýatlaryna 2 gün zähmet hakly dynç güni bermegi maslahat berdi.

Şeýle hem Wladimir Putin sebit ýolbaşçylaryna gijeki jemgyýetçilik iýmit kärhanalarynyň işini çäklendirmegi we köpçülikleýin güýmenje çärelerini gadagan etmegi maslahat berdi.

 

Tüwi suwunyň bejeriş aýratynlyklary hakda bilýärsiňizmi?

Ýene-de okaň

Daşoguzda täze saglyk öýi açyldy

THY: Aşgabat şäherine adaty gatnawlar başlaýar

Baş Redaktor

Ahalda döwrebap hassahana açyldy

Teswirle