TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Russiýadan ýene bir sanjym

Russiýanyň koronawirus pandemiýasyna garşy ikinji sanjymy –  “Wektor” resmi taýdan ygtyýarnama aldy diýip, TASS metbugat gullugy tarapyndan habar berildi.

Senagat eýeçiligi federal institutynyň hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanan koronawirus sanjymy bilen baglanyşykly oýlap tapyşlar baradaky seljermeleri tamamladylar. “Wektor” ady bilen tanalýan sanjym “EpiVacCorona” adyny aldy.

Sanjym, koronawirusa garşy immunitet döredýär we immunitetiň ösmegine kömek edýär. Umuman alanyňda, oýlap tapyşlar üçin üç ygtyýarnama berildi, olaryň hersinde wirusyň belli bir üýtgedilen bölegi bar.

Ilnaz Imatdinow, Mariýa Boçkarewa, Ýelena Prudnikowa, Anton Tişin, Oleg Pýankow, Ýelena Gawrilowa we Rinat Maksýutow oýlap tapyşyň awtorlary diýip habar beriş serişdelerinde tanyşdyryldy.

“Wektor” merkezi 24-nji iýulda Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginden meýletinlere sanjymyň kliniki synaglaryny geçirmek üçin rugsat aldy. Ilkinji meýletinçä 27-nji iýulda sanjym edildi.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Teswirle