DÜNÝÄ

Russiýadaky saýlawlarda “Ýedinaýa Rossiýa” ýeňiş gazandy

Russiýa Federasiýasynda 17-19-njy sentýabr aralygynda 3 gün dowam eden Döwlet Dumasynyň saýlawlarynda “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasy ýeňiş gazandy.

Russiýanyň Merkezi  saýlaw toparynyň berlen sesleriň 100 göterimini sanandan soňra beren maglumatyna görä, “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasy 49,82 göterim ses aldy.

“Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň baş geňeşiniň sekretary Andreý Turçak saýlawlaryň netijeleri barada geçirilen brifingde partiýanyň Döwlet Dumasynda 315 deputat bilen wekilçilik eder.

KPRF partiýasy 18,93 göterimlik ses bilen ikinji, LDPR partiýasy bolsa 7,55 göterimlik ses bilen üçünji orny eýeledi.

Şeýle hem ilkinji bäşlige “Sprawedliwaýa Rossiýa – Za prawda” partiýasy (7.46%) hem-de “Nowyý lýudi” (5.32%) partiýalary girdi.

Şeýlelik bilen, federal okruglar boýunça 5 syýasy partiýa 5 göterimlik saýlaw kwotasyny geçip, Döwlet Dumasyna girmegi başardy.

Mundan başga-da, 7 syýasy partiýanyň wekilleri we özbaşdak dalaşgärler, bir mandatly saýlaw okruglaryndan parlamentiň aşaky palatasyndan wekilçilik etmek hukugyna eýe boldular.

Döwlet Dumasyna 450 deputat saýlanýar. Çagyryşyň möhleti bäş ýyl. Saýlawlar garyşyk ulgamda laýyklykda geçirilýär, onda вузгефедфкнх ýarysy (225 mandat) partiýa sanawlaryna görä, galan ýarysy (225 mandat) bir mandatly saýlaw okruglaryndan saýlanýar.

Çagalar üçin sözlük rus dilinde: “Makul Sözlük”

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 46-njy mejlisine gatnaşýar

TOPH gaz geçirijisi ugry boýunça demir ýoly gurlar

Ata Watan Eserleri

“Hazar deňzi-Garadeňiz”: dörttaraplaýyn hökümetara ylalaşygyna gol çekmek meýilleşdirilýär

Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürýär

Özbegistan we Gyrgyzystan söwda möçberini 2 milliard dollara ýetirer

Jeýms Dewid Wens ABŞ-nyň wise-prezidentligine dalaşgär