TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Russiýada täze okuw ýyly 1-nji sentýabrda başlaýar

Russiýada 2020-2021-nji täze okwu ýyly 1-nji sentýabrda ähli sanitariýa çäreleri göz öňünde tutulyp, doly başlaýar. Bu barada Russiýanyň bilim ministri Sergeý Krawsow Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen hökümet agzalarynyň arasynda geçirilen wideo konferensiýa arkaly mejlisde belläp geçdi. Şol mejlisde Russiýanyň koronawirus ýokanjyna garşy ilkinji sanjymy bellige alandygy hem bellenilip geçildi. Bu sanjymyň ilki bilen lukmanlara we mugallymlara ediljekdigi mälim edildi.

Onuň bellemegine görä, Russiýanyň 36 müňden gowrak bilim edarasy täze okuw ýylyna taýýar boldy. Okuw ýyly başlamazdan ozal Ählirus ene-atalar ýygnagy we pedagogika geňeşiniň mejlisi geçiriler we şol ýygnaklarda okuwçylaryň we mugallymlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin derwaýys meseleler we çäreler ara alnyp maslahatlaşylar.

2 MILLION BIRINJI SYNP OKUWÇYSY BOLAR

Şu ýyl 1,9 million çaga mekdep gapylaryndan ilkinji gezek ädimini äderler. Umuman alanyňda, täze okuw ýyly 17 million mekdep okuwçysy üçin başlanar. Ýedi million mekdebe çenli çagalar we orta hünär bilimini alýanlary göz öňünde tutsaň, jemi 27 million okuwçy 80 müň bilim guramasy tarapyndan kabul ediler.

1750 SANY TÄZE MEKDEP AÇYLAR

2025-nji ýyla çenli Russiýada 1,5 million okwuçy orunlyk 1750 sany täze  mekdebi gurup, ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Daşary ykdysady bankyň gatnaşmagynda döwlet-hususy pudagyň hyzmatdaşlygynda 500 mekdep gurlar.

UNIWERSITETLER HEM IŞLÄP BAŞLAR

Russiýanyň uniwersitetleriniň köpüsinde sanitariýa howpsuzlygy çäreleri göz öňünde tutulyp, 1-nji sentýabrda okuw başlanar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Ylym we ýokary bilim ministri Waleriý Falkow belläp geçdi.

Koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly ýagdaý sebäpli şu ýyl Russiýanyň uniwersitetlerine  okuwa girmek isleýän dalaşgärleriň sany azalmady.

Rus uniwersitetlerinde bilim alýan daşary ýurtly talyplary koronawirus barlagyndan geçirilenden soňra  14 gün karantinde bolup, soňra okuwa goýberiler.

 

Ýene-de okaň

Maglumat tehnologiýalaryň elektron sözlügi işe girizildi

Türkiýede bilim almak isleýänler üçin wajyp maglumat: ÝÖS synagy haçan?

Baş Redaktor

Talyplyga dalaşgärler harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürip bilýär

Teswirle