TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Russiýada çagalara kömek puly berler

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin täze görnüşli koronawirusy (Covid-19) we nebitiň bahasynyň arzanlamagy sebäpli halkyň hal-ýagdaýynyň mundan beýläk-de gowulanmagy üçin maşgalalara her çaga üçin 10 müň rubl (145 dollar) tölenjekdigini mälim etdi. Şeýlelikde Prezidenti Wladimir Putin Russiýada bir çaga üçin 10 müň rubl döwlet goldawyny yglan etdi.

“Covid-19” sebäpli Russiýada işsizligiň ýokarlanandygyny bellän Wladimir Putin  “Indi adamlaryň işine täzeden gaýdyp geleli we 2021-nji ýyla çenli zähmet bazaryny dikeltmeli” — diýip, belläp geçdi.

Wladimir Putin ýurtda ýyllyk girdejisi 5 million rubldan gowrak bolan raýatlaryň girdeji salgydynyň ýokarlandyryljakdygyny düşündirip, “2021-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli ýylda 5 million rubldan köp girdeji gazananlaryň girdeji salgydy 13 göterimden 15 göterime çenli ýokarlanar — diýip, belläp geçdi.

 

Ýene-de okaň

Awazada sammit: Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan

Baş Redaktor

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Teswirle