TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Russiýa we Wengriýa bilelikde uçar öndürer

Russiýanyň “Ilýuşin” kompaniýasy we Wengriýanyň awiasiýa inženerçiligi döwrebaplaşdyrylan “Il-103” atly uçaryny döretmek we köpçülikleýin önümçiligine başlamak barada şertnama baglaşdylar. Russiýa Federasiýasynyň Söwda we senagat ministrliginiň metbugat gullugynyň habaryna görä, uçaryň esasy önümçilik meýdançasy Wengriýanyň Pek şäherindäki zawod bolar. Döwrebaplaşdyrylan “Il-103” uçaryň belli bir müşderiniň talaplaryna uýgunlaşdyrylyp bilinjek ählumumy platforma boljakdygy bellenildi. Bu uçar täze uçarmanlary taýýarlamak, ýolagçylary daşamak,  tiz kömek ulagy hökmünde ulanmak, kyn ýerlere ownuk ýükleri eltmek, daşky gurşawa gözegçilik etmek we başga maksatlar üçin hyzmat edip biler.

Şu gol çekilen şertnama Russiýanyň awiasiýa tehnologiýalarynyň we ösüşleriniň daşary bazarda, hatda Ýewropa ýaly çylşyrymly we ýokary bäsdeşlik bazarynda islegiň bardygyny subut edýär" diýip, Senagat we söwda ministrliginiň başlygynyň orunbasary Oleg Boçarow belläp geçýär.

Ýeňil we köp maksatly “Il-103” uçary özüniň ygtybarlylygy we arzan bahasy bilen tapawutlanýar. Onuň tizligi sagatda 225 kilometre çenli ýetýär. Uçaryň ekipažy bir adamdan ybarat bolup, ýanyna üç adam çenli ýolagçy alyp bilýär.

 

Krapiwa ösümliginiň peýdalary we täsinligi  

 

 

Ýene-de okaň

“Ga­laxy S23” smart­fon­la­ry­ny ta­nyş­dyr­dy

Ata Watan Eserleri

“Facebook” ulanyjylarynyň sany 2 milliarddan geçdi

“Apple” şereketiniň önümlerindäki i harpynyň manysy

Teswirle