Russiýa, Eýran we Azerbaýjanda üstaşyr gatnawlary ýeňilleşdirmek babatda äthnama gol çekişdiler. Bu resminama gol çekmek dabarasy Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde geçirildi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Eýrandaky söwda wekilligi habar berdi.
Russiýa, Eýran we Azerbaýjan arasynda “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesinde ýönekeýleşdirilmegine garaşylýar.
Ulag geçelgesi Demirgazyk Ýewropa bilen Günorta-Gündogar Aziýany, şol sanda Azerbaýjany, Eýrany we Russiýany demirýol arkaly birleşdirmäge mümkinçilik berýär.
Bu geçelgäniň birinji tapgyrynda her ýyl 5 million ýük gatnatmak, geljekde bolsa 10 million tonna ýük gatnatmak göz öňünde tutulýar.
“Demirgazyk-Günorta” geçelgesi diňe bir gatnaşyjy ýurtlar üçin däl, eýsem bütin dünýä jemgyýetçiligi üçin hem strategiki ähmiýete eýedir we harytlaryň arzan we amatly eltilmegine mümkinçilik döredýär.
Rus tarapy bu geçelge boýunça demirýol gatnawyny ýol goýmak üçin ähli tagallalary etmegi göz öňünde tutýar.
Russiýanyň Türkmenistan bilen hem bu halkara ulag geçelgesi boýunça hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýär.