DÜNÝÄ

Russiýa bilen Türkmenistan sanlylaşdyrma pudagynda hyzmatdaşlyk eder

Russiýa bilen Türkmenistan aragatnaşyk we sanlylaşdyrma pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada şertnama gol çekdi. Bu barada Russiýanyň Sanly ösüş ministrliginiň web sahypasynda habar berildi.

“Russiýa Federasiýasynyň sanly ösüş, aragatnşyk we köpçülikleýin kommunikasiýa ministriniň orunbasary Bella Çerkesowa we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň arasynda aragatnaşyk we maglumat tehnologiýasy ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ähtnama gol çekildi” – diýlip, ministrligip resmi saýtynda habar berilýär.

Duşuşykda taraplar döwlet dolandyryşyny sanlylaşdyrmak, innowasiýa tehnologiýalaryny ösdürmek we radio ýygylyk spektrini sazlamak boýunça ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek babatda çemeleşmelerini belläp, pudak hyzmatdaşlygy boýunça pikir alyşdylar.

Mundan başga-da, geljekde iki ýurduň maglumat tehnologiýa kompaniýalarynyň gatnaşmagynda işewürlik saparlaryny gurnamak meýilleşdirilýär.

 

Putin Türkmenistana sapar bilen geler

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa sapary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Belarusyň ilçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Russiýanyň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Türkiýä sapary meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Mongoliýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistan bilen Rumyniýa energetika hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy