TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Russiýa bilen Türkiýe tebigy gazda rubl bilen hasaplaşar

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Russiýanyň Soçi şäherinde duşuşdy. Soçi şäherindäki duşuşyk 4 sagat dowam etdi we bu rus-türk gepleşiklerinde köp sanly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iki ýurduň Prezidentleriniň ara alyp maslahatlaşan esasy hyzmatdaşlyk ugurlarynyň biri hem energetika pudgay boldy. Prezidentler Putin bilen Ärdogan rus gazynyň Türkiýä iberilmegi we hasaplaşyklaryň rublda amala aşyrylmagy babatda pikir alyşdylar.

Russiýanyň wise-premýeri Aleksandr Nowak iki ýurduň liderleriniň gepleşikleriniň jemleri boýunça metbuagata beýanat berdi.

– Türkiýe Respublikasyna tebigy gaz ibermek meselesi maslahatlaşyldy. Türkiýä her ýyl 26 milliard kubmetr möçberinde, uly möçberde tebigy gaz iberilýär. Gepleşiklerde Prezidentler iberilýän tebigy gazyň hasaplaşygyny kem-kemden rublde tölemek babatda ylalaşdylar – diýip, wise-premýer Aleksanr Nowak belläp geçdi.

Wise-premýeriň bellemegine görä, Russiýa bilen Türkiýäniň kem-kemden hasaplaşyklarda milli pul birligine geçýärler. Ilkinji tapgyrda, iberilýän tebigy gazyň belli bir bölegi rus rublynda tölener. Munuň iki ýurduň özara pul-maliýe gatnaşyklaryny has-da düzgünleşdirmäge ýardam etjekdigi bellenildi.

Energetika ulgamyndaky rus-türk gatnaşyklary diňe bir tebigy gazyň iberilmegil bilen çäklenmän, eýsem Russiýanyň gatnaşmagynda Türkiýede “Akkuýu” atom elektrin stansiýasy gurulýar. 2023-nji ýylda bu taslamanyň durmuşa geçiriljekdigi bellenildi.

Şeýle hem döwlet Baştutanlary “Türk akymy” tebigy gaz geçirijisiniň işleýşi barada hem pikir alyşdylar. Iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygyny 100 milliard dollara ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Ýaponiýanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Türkmenistana sapary meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri

Ýaponiýada täze hökümet düzüldi

Ata Watan Eserleri

Ýewropa suwy tygşytlaýar

Ata Watan Eserleri