Russiýa bilen BAE bilelikde uçar öndürer

Russiýanyň “Birleşen Howa Korporasiýasy” we Birleşen Arap Emirlikleriniň “Mubadala” gaznasy ýokary derejeli ýolagçy uçaryny döretmek üçin bilelikdäki kärhana döreder. Bu barada Russiýanyň söwda we senagat ministri Denis Manturow habar berýär. Ministriň bellemegine görä, uçaryň daşky görnüşi 2021-nji ýylyň ahyryna – 2022-nji ýylyň başyna taýýar bolar.

Şeýle hem Manturow dörediljek uçaryň aýratynlyklaryny tanyşdyrdy. Uçaryň tizligi  1,8 Маха barabar bolar. Şeýle hem uçaryň iki görnüşi öndüriler. Birinji görnüşi 8 orunlyk (VIP) işewürlik uçary, ikinji görnüşi 30 orunlyk ýolagçy uçary bolar. Taslamanyň birinji tapgyrynda goýlan maýa goýumlary 100 million dollar diýlip çaklanylýar.

Şeýle hem Russiýanyň “Aurus” awtoulagy barada…

“Tawazun Holding” kompaniýasy Russiýanyň “Aurus” awtoulagyny Birleşen Arap Emirliklerinde (BAE) satyp başlamagy meýilleşdirýär diýip, Russiýanyň senagat we söwda ministri Denis Manturow belläp geçýär. Häzirki wagtda BAE-de “Aurus” sedany we limuzin awtoulaglary kepillendirildi. Ýakyn wagtda uzyn sedan görnüşli awtoulagyna kepillendirilmegine hem garaşylýar. Bu görnüş Ýakyn Gündogarda uly islege eýe bolar diýip, Russiýanyň senagat we söwda ministri Denis Manturow nygtap geçýär.

Okap bilersiňiz  Kasilýasa hem çempionlyk medaly berildi

 

Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

Makul Sözlük (www.makulsozluk.com ) özüniň “Android” ulgamynda hereket edýän täze applikasiýasyny-Makul Sözlük applikasiýasyny hödürleýär. Toparymyz  düýn Kompýuterlerdäki  “Chrome Browserde” ulanmaga mümkinçilik berýän täze “Browser goşundysyny”-Makul Sözlük goşundysyny  ulanmaga taýýar eden bolsa, şu gün “Android” applikasiýasyny herekete girizdi. Şeýlelikde, köp sanly “Makul Sözlük” ulanyjylary, diňe www.makulsozluk.com saýtyna girmek bilen bu sözlükden peýdalanman, eýsem, kompýuterlerinde “Makul Sözlük” goşundysyny, Android ulgamyndaky mobil telefonlarynda bolsa “Makul Sözlük” applikasiýasyny ulanyp bilerler. Ýakynda IOS ulgamynda hereket edýän Applikasiýamyz hem hereket edip başlar.