SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Russiýa Belarus bilen awiagatnawlaryň sanyny artdyrmakçy

Ýer ýüzüni gurşap alan pendemiýanyň iň zyýan ýetiren ulgamlarynyň biri hem awiasiýa bolsa gerek. Soňky iki ýylyň içinde dünýäniň halkara awiasiýa ulgamy durnukly ýagdaýa gelip bilenok.

Muňa garamazdan, käbir döwletlerde durnuklaşmaga sary ädimler ädilýär. Şeýle ädimleriň biri ýakynda Russiýa Federasiýasynyň hökümetinden geldi. Hökümet 1-nji awgustdan başlap, Moskwa ― Minsk aralygyndaky uçar gatnawlarynyň sanyny köpeltmegi meýilleşdirýär.

Belarus Respublikasy bilen gelnen ylalaşyga laýyklykda, şol günden başlap, bu aralykda bir hepdäniň dowamyndaky gatnawlaryň sany 20-ä çenli çykarylar. Bu barada «RIA Nowosti» habar berýär.

Şeýle hem şol günden başlap, Soçi ― Minsk, Krasnodar ― Minsk aralygyndaky uçuşlaryň sany hem köpeldiler.

26-njy iýulda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy

Türkiýede hasyl möwsüminde zeýtun baýramy

Türkiýäniň ýüze çykarylan taryhy gymmatlyklary

Ata Watan Eserleri

Balkanda we Lebapda 150 orunlyk, Maryda 200 orunlyk onkologiýa hassahanasy gurlar

Özbegistanda syýahatçylygyň täze görnüşleri ornaşdyrylar