TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Russiýa 5 ýurt bilen howa gatnawyny dowam etdirýär

Russiýa Federasiýasy 5-nji oktýabrda  Jibuti, Daniýa, Täze Zelandiýa, Günorta Afrika we Peru bilen uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär.

Ähli ýurtlardaky epidemiologik ýagdaýy göz öňünde tutup, 2021-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan aşakdaky ýurtlar bilen yzygiderli uçuşlary iki taraplaýyn dowam etdirmek kararyna gelindi: Hindistan Moskwa – Goa, Sankt-Peterburg – Deli we Sankt-Peterburg – Goa  her ugurda hepdede bir gatnaw ýygylygy bolar, Ispaniýa Moskwa – Tenerife hepdede iki gatnaw ýygylygy göz öňünde tutulýar.

Häzirki wagtda Russiýa döwleti 57 ýurt bilen howa gatnawyny täzeden başlady.

Şeýle hem, 5-nji oktýabrdan Gyrgyzystana, Birleşen Arap Emirliklerine, Ýaponiýa, Özbegistana we Täjigistana, Bahreýna we 4-nji noýabrdan Şri-Lanka yzygiderli gatnawlaryň sany köpeldiler.

Russiýa Tanzaniýada pandemiýa ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy sebäpli, 2021-nji ýylyň 15-nji aprelinde Tanzaniýa bilen howa gatnawlaryny togtatdy we 1-nji noýabra çenli çäklendirmäni uzaltmak kararyna gelindi.

 

BMG-niň Baş Assambleýasy: «C5+1» formatyndaky onlaýn duşuşyk

 

Ýene-de okaň

Saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamyna bagyşlanan halkara forum

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: Belarus ugry boýunça gatnawlar

“Green Card” (Grin Kard) -2024: Senenamasy Yglan edildi

Baş Redaktor

Teswirle