TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Rus tennisçiniň uly ýeňşi

Tennis hünärmenleri birleşiginiň (ATP) jemleýji ýaryşynda final duşuşygy geçirildi. Finalda awstriýaly Dominik Tim bilen russiýaly Daniil Medwedew garşylaşdylar. Umumy hasapda 4: 6, 7: 6 (7: 2), 6: 4 bilen Daniil Medwedew üstün çykdy.

Şeýlelikde russiýaly tennisçi Medwedew tennis hünärmenleri birleşiginiň (ATP) jemleýji ýaryşynda özüniň karýerasynda ilkinji ýeňşini gazandy. Medwedew bu ýaryşda iň güýçli türgen hasaplanyldy, sebäbi finala ýetmek üçin ol toparlaýyn tapgyrda Nowak Jokowiçi, ýarym final duşuşygynkda bolsa Rafael Nadaly ýeňdi.

24 ýaşly Medwedew türgenleriň sanawynda dördünji orny, Dominik Tim bolsa üçünji orny eýeleýär. 27 ýaşly Dominik Tim 2020-ABŞ açyk ýaryşynda ýeňiji boldy.

Medwedew bäsleşikdäki topar oýunlarynyň her bir ýeňşi üçin 153 müň dollar, ýarym final oýuny üçin 402 müň dollar, final oýuny üçin 550 müň dollar, umumylykda bolsa 1,5 million dollar gazandy.

Tennis hünärmenleri birleşiginiň (ATP) jemleýji ýaryşy 1970-nji ýyldan bäri geçirilip gelýär. Bu ýaryşda Federer iň köp ýeňiş gazanan türgen hasaplanylýar. Rus tennisçisi Nikolaý Dawydenko 2009-njy ýylda bu ýaryşda ýeňiş gazanypdy we şondan bäri ýaryşda rus türgenleri ýeňiş gazanyp bilmediler. Ondan başga-da, Ýewgeniý Kafelnikow 1997-nji ýylda çempion bolmak ugrunda göreşdi, ýöne aýgytly oýunda aAmerikaly Pit Samprasdan ýeňlipdi.

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Messi ilkinji üçlükde

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Teswirle