TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Rus sanjymy Hindistanda-da öndüriler

Russiýanyň göni maýa goýumlar gaznasy koronawirus ýokanjyna garşy işlenip düzülen “Sputnik V” sanjymyny Hindistanda öndürmek babatda şertnama baglaşdy. Hindistanyň iň uly derman öndürýän kompaniýasy “Hetero”-nyň bu sanjymyň 100 million dozadan gowragyny öndürmegine garaşylýar. Bu önümçilige 2021-nji ýylyň başyndan girişmek göz öňünde tutulýar. Bu barada  Russiýanyň göni maýa goýumlar gaznasynyň metbugat beýannamasynda bellenilip geçilipdir.

“Hetero Labs” kompaniýasynyň habar bermegine görä, önümçilikden öň bu sanjymyň Hindistandaky kliniki synaglarynyň netijelerine garaşylýar.

Mundan ozal, Russiýanyň göni maýa goýumlar gaznasy “Spunik V” sanjymyny öndürmek boýunça Braziliýa, Hytaý we Günorta Koreýa bilen degişli ylalaşyklar baglaşdy. Mundan başga-da, Russiýanyň özi dünýäniň onlarça ýurdundan bu sanjymyň 1,2 milliard dozany öndürmek boýunça sargytlar aldy. Eger şu şertnamalar ýerine ýetirilen halatynda sanjym öndürijiler her ýyl milliardlarça dollar gazanarlar.

“Sputnik V” sanjymyny Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde hem öndürmek mümkinçiligi bolup biler. Bu ugurda Wengriýanyň derman öndürýän kompaniýalary bilen işler alnyp barylýar. Wengriýanyň daşary işler ministri Peter Siýýarto kliniki synaglar geçirmek üçin bu sanjymyň ilkinji nusgalarynyň ýurda getirilendigini mälim etdi.

Ýewropa Komissiýasy Oksford uniwersitetiniň “AstraZeneca” kompaniýasy bilen bilelikde öndüren sanjymyny. Şeýle hem “BionNTech-Pfizer” kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygynda taýýarlanan sanjymyň ygtybarlylygyny we howpsuzlygy barlagdan geçirýär. Şondan soňra bu sanjymlar Ýewropa Bileleşiginde hasaba alnar.

“Spunik V” sanjymyny işläp düzüjiler onuň täsirliliginiň 95 göterime deňdigini belleýärler.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

Ýene-de okaň

THY gar ýagyşy sebäpli gatnawlaryny ýatyrdy

Kerki ― Daşoguz ― Kerki uçar gatnawy dikeldildi

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň ilkinji “Airbus” kysymly ýük uçary

Ata Watan Eserleri

Teswirle