TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Rus futbolçysy Italiýada oýnar

Italiýanyň “Fiorentina” futbol topary özüniň resmi saýtynda Russiýanyň “Spartak Moskwa” futbol toparyndan russiýaly hüjümçi Aleksandr Kokoriny transfer edendigini resmi taýdan habar berdi. Oýunçynyň topar bilen tanyşdyrylyş dabarasy geçiriler. 2020-nji ýyldan bäri Aleksandr Kokorin “Spartak Moskwa” futbol toparynda erkin oýunçy hökmünde çykyş etdi. Bu toparda jemi 10 duşuşykda oýnap, 2 gezek ýardam pasyny we 2 gezek gol geçirmegi başardy. “Fiorentina” futbol topary 19 oýundan soňra jemi 21 utuk gazanyp, çempionatda 12-nji orny eýeleýär. Indiki duşuşygyny 29-njy ýanwarda myhmançylykda “Torino” futbol toparyna garşy geçirer.

Mälim bolşy ýaly, ýene-de bir rus futbolçysy Italiýada oýnaýar. Ol hem Alekseý Mirançukdyr. Häzirki wagtda “Atalanta” toparynyň düzüminde çykyş edýär.

******

“Atletik Bilbao” futbol toparynda çykyş edýän 34 ýaşly ispaniýaly ýarymgoragçy Raul Garsiýa 21-nji asyrda “La Liga” çempionatynda 100 gol geçiren ýarymgoragçy hökmünde taryha girdi. Ol bu netijä “La Liga” çempionatyň 20-nji tapgyrda “Hetafe” garşy geçiren duşuşykda iki gol geçirip ýetmegi başardy. Raul Garsiýa umumylykda ispaniýanyň “Osasuna”, “Atletiko Madrid” futbol toparlarynda çykyş etdi we häzirki wagtda bolsa “Atletik Bilbao” toparynda çykyş edip gelýär. Ispaniýaly ýarymgoragçy “Osasuna” futbol toparyna 20 gezek, “Atletiko Madrid” toparynda 26 gezek, “Atletik Bilbao” toparynda bolsa 54 gezek tapawutlanmagy başarypdyr. Häzirki çempionatda ýarymgoragçy topar üçin 18 oýun oýnady we 3 gezek gol geçirdi. Raul Garsiýa 2015-nji ýylda “Atletiko Madrid” futbol toparyndan “Atletik Bilbao” toparyna transfer bolandygyny ýatladýarys.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

Ýene-de okaň

Katar-2022: nobat 1/8 finalda

Katar-2022: Günorta Koreýa Portugaliýany ýeňip, 1/8 finalda

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Teswirle