TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Rumyniýanyň ýokary okuw mekteplerine seçip alyş

TÜRKMENISTANYÑ BILIM MINISTRLIGI

2019/2020-nji okuw ýyly üçin Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine seçip alyş işini geçirýär

Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik, degişli daşary ýurt dillerini bilýän Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Hünärleriň sanawy, okuwa kabul etmegiň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumaty Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kabul ediş toparyndan alyp bolar.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde uniwersitetiň kabul ediş topary tarapyndan 2019-njy ýylyň 11 – 24-nji marty aralygynda kabul edilýär.

         Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

– Türkmenistanyň raýaty üçin bellenen nusga boýunça arza we sowalnama;

– umumy orta bilim ýa-da orta hünär bilimi baradaky resminamanyň asyl nusgasy;

– Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk güwänamasy (Türkmenistanyň çäginden daşary ýurtlardaky ýokary okuw mekdeplerine girmek barada dalaş edýän raýatlaryň saglyk güwänamasy);

– soňky okan ýa-da işlän ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama;

– 3×4 sany on iki sany fotosurat;

– işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

– giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, döwlet orta we ýokary hünär bilim edaralaryna kabul edilende, artykmaçlyklaryndan peýdalanýanlar mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, kabul ediş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

– Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny hem-de raýatyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny;

– Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Uniwersitetiň kabul ediş topary zerur bolan ýagdaýynda Rumyniýa okamaga gitmek üçin gerekli goşmaça maglumatlary dalaşgärden sorap biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we seçip alyş işi 2019-njy ýylyň 30-njy marty – 2-nji apreli aralagynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde (Aşgabat ş.) geçirilýär.

Test – ýazmaça, söhbetdeşlik – dilden Türkmenistanyň döwlet dilinde geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaglara gelip bilmedikler ýa-da synaglaryň birinden geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Uniwersitetiň salgysy:

         Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 31-nji jaýy.

         Tel.: 94-69-90, 94-54-29.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti: futbol boýunça dünýä çempionatynyň hormatly myhmany

Baş Redaktor

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistana sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ýolbaşçylary HHR-iň Başlygyna gynanç bildirdi

Teswirle