TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Ronaldonyň we Keýniň rekordlary

Şu günler 2024-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň saýlama duşuşyklary geçirilýär. Bu duşuşyklaryň çäklerinde täze rekordlar hasaba alyndy.

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kristiano Ronaldo milli ýygyndynyň köýnekçesi bilen iň köp gezek ýaşyl meýdança çykmak bilen rekord goýdy. Ol milli ýygyndysynyň düzüminde 197-nji duşuşygyny geçirdi. Şeýlelikde, bu ugurda rekord kuweýtli futbolçy Bader al-Mutawä degişlidi. Ol 196 gezek milli ýygyndysy bilen meýdança çykypdy.

Portugaliýanyň ýygyndysy Ýewropa çempionatynyň saýlama duşuşygynda Lihtenşteýn bilen duşuşyp, 4:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Bu duşuşykda 2 gezek tapawutlanan Ronaldo milli ýygyndynyň düzüminde 100 gol geçirip, bu ugurda ilkinjileriň biridir. Lihtenşteýn milli ýygyndysy Ronaldonyň derwezesinden gol geçiren 47-nji milli ýygyndy boldy.

Şeýle hem futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň saýlama duşuşyklarynyň çäklerinde Angliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Garri Keýn hem rekord goýdy. Ol Italiýanyň ýygyndysy bilen geçirilen duşuşykda tapawutlanyp, Angliýanyň ýygyndysyndaky gollarynyň sanyny 54-ä ýetirdi.

Şeýlelikde, Keýn bu ugurda Ueýn Runä degişli bolan 53 gollyk rekordy täzeledi.

 

Ýene-de okaň

Paýtagtymyzda iri sebit ýaryşyna badalga berildi

Messi PSŽ bilen hoşlaşdy

Al-Ittihad topary Benzema bilen şertnama baglaşdy – Al Ekharabiýa

Teswirle