TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Ronaldonyň şertnamasy ýatyryldy

Portugaliýanyň milli ýygyndysy bilen Katardaky dünýä çempionatynda topardaky duşuşygyna taýýarlanýan Kristiano Ronaldonyň “Mançester Ýunaýted” topary bilen şertnamasy ýatyryldy.

Iňlis toparyndan berlen maglumata görä, her iki tarapyň razyçylygy bilen şertnama ýatyryldy. Mälim bolşy ýaly, 37 ýaşyndaky Ronaldo Piers Morgan bilen geçiren söhbetdeşliginde “Mançester Ýunaýted” toparynyň ýolbaşçylaryny we tälimçisi Erik ten Hagy tankytlapdy.

Şol söhbetdeşligiň netijesinde, “Mançester Ýunaýted” toparynyň ýolbaşçylary Ronaldo bilen şertnamasyny ýatyrmak babatda karara geldi.

Bu barada beýanat beren Ronaldo: “Topar bilen duşuşyk geçirdik we özara ylalaşyk esasynda şertnamany ýatyrdyk. “Mançester Ýunaýted” toparynyň janköýerlerini gowy görýärin” diýip belledi.

Ronaldo bu toparda 2 aýry döwürde futbol oýnap, jemi 346 duşuşykda 145 gol geçirdi. Ol ilki bilen 2003-2009-njy ýyllarda bu toparda oýnap, birnäçe kuboklary gazanypdy.

Ronaldo bu toparda oýnan 7,5 ýylynyň dowamynda 3 gezek Angliýanyň çempiony, 2 gezek liganyň kubogyny, bir gezek Angliýanyň kubogyny, 1 gezek angliýanyň superkubogyny, kluplaryň dünýä çempiony, Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy.

Ýene-de okaň

Katar -2022: nobat 1/4 finalda

Katar-2022: rekordlaryň çempionaty

Katar-2022: 36 ýyldan soňra Marokkonyň üstünligi

Teswirle