TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Ronaldonyň ogly hem “Mançesterde” oýnar

Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparynyň portugaliýaly hüjümçisi Kristiano Ronaldonyň uly ogly Kristiano Ronaldo-JR hem “Mançester Ýunaýted” toparyna transfer boldy. Ol mundan ozal, “Ýuwentus” toparynyň çagalar toparynda oýnaýardy.

Ýaş portugaliýaly Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparynyň çagalar toparynda kakasy ýaly “7” belgili köýnekçede çykyş eder. Angliýanyň topary 11 ýaşly oglanjyk bilen şertnama baglanyşdy.

Mälim bolşy ýaly, Kristiano Ronaldo 12 ýyldan soňra täzeden Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparyna gaýdyp gelipdi. Ol ozal bu toparda 2003-2009-njy ýyllarda çykyş edipdi. Soňra ol Ispaniýanyň “Real Madrid” we Italiýanyň “Ýuwentus” toparlarynda oýnady.

 

Aşgabadyň merkezinde işewür duşuşyklary üçin merkez dörediler

Ýene-de okaň

Türkmenistan Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynda 24 medal gazandy

Ýaşyl meýdançanyň ýyldyzynyň ekologiýa zyýany

Mançester derbisi: Holandyň we Fodeniň taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Teswirle