Ronaldonyň kapitanlyk daňy satyldy

27-nji martda Portugaliýanyň futbol milli ýygyndysy dünýä çempionatynyň saýlama oýunlarynyň çäginde Serbiýanyň futbol milli ýygyndysy topary bilen duşuşdy. Portugaliýanyň futbol milli ýygyndysy duşuşykda hüjümçi Diogo Jotanyň geçiren gollary bilen 2:0 hasaby bilen öňde saýlanypdylar, emma 60-nji minuta çenli ýer eýeleri hasaby deňlemegi başardylar.

Duşuşygyň ahyrynda Ronaldo toparyň üçünji pökgüsini geçirdi, ýöne emin bu goly hasap etmedi. Eminiň gelen bu netijesi bilen ylalaşmadyk Kristiano Ronaldo emine närazylygyny bildirip, toparyň kapitanlyk daňyny ýere taşlap, meýdançany terk etdi. Soňra bolsa Belgrad stadionynyň işgärleriniň biri Ronaldonyň kapitanlyk daňyny alyp, ony oňurga muskul atrofiýasy bilen alty aýlyk çaganyň bejergisi üçin pul ýygnaýan haýyr-sahawat auksionyna tabşyrypdyr.

Okap bilersiňiz  BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI

Bu kapitanlyk daňy auksionda 63 müň 800 ýewro pul möçberinde satyldy – diýlip habar berilýär. Auksiondan gelen pul serişdeleri çagajygyň bejergisi üçin sarp ediler.

 

Tanymal ertekiçiniň doglan güni