TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Ronaldonyň “Instagramdaky” rekordy

Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparynyň ýyldyz oýunçysy Kristiano Ronaldo “Instagram” jemgyýetçilik torundaky yzarlaýjylarynyň sany 400 milliona ýeten ilkinji adam boldy.

5-nji fewralda 37 ýaşyny bellän Kristiano Ronaldo futbol meýdançasynyň çäginiň daşynda hem şahsy durmuşynda-da rekord goýdy. 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda 237 million yzarlaýjysy bolan Ronaldo takmynan bäş aýda yzarlaýjylarynyň sanyny artdyrdy we bu ugurda özüne degişli rekordy täzeledi.

Ronaldodan soň Kylie Jenner 308 million yzarlaýjy bilen ikinji, Lionel Messi bolsa 306 million yzarlaýjy bilen üçünji ýerde durýar.

Şahsy durmuşy we futbol karýerasy bilen meşhurlyga eýe bolan Ronaldonyň awtoulag kolleksiýasy hem 20 million ýewrodan geçdi.

Ronaldonyň kolleksiýasynda “Ferrari” we “Bugatti” ýaly kaşaň ulaglardan başga-da,  “Mersedes”, “Rolls Royce”, “Porsche”, “Bentley”, “Chevrolet” we “Audi” ýaly markalar hem bar.

37 ýaşly ýyldyz geçen aý “ESPN” neşiri bilen gurnan söhbetdeşliginde 42 ýaşyna çenli futbol oýnamak isleýändigini mälim etdi.

Futbol karýerasyna Portugaliýanyň “Nasional” toparynda başlan Kristiano Ronaldo soňra “Sporting”, “Mançester Ýunaýted”, “Real Madrid” we “Ýuwentus” toparlarynda oýnady.

Bu möwsümiň başynda “Mançester Ýunaýted” toparyna gaýdyp gelen Ronaldo 25 duşuşykda 14 pökgi geçirdi.

 

Hamyry ýeralmaly konditer bulkasy

Ýene-de okaň

Çempionlar ligasy: Messiniň nobatdaky rekordy

Alonso “Baýer” toparyna tälim berer

Türkmenistanyň wekiliýeti Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy

Teswirle