TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Ronaldoly “Ýuwentus” ýeňildi

Ýewropa yklymynyň futbol boýunça iň abraýly ýaryşlarynyň biri hasaplanýan Çempionlar ligasynda 1/8 final duşuşyklarynda gyzykly oýunlar geçirildi. Bu gezek Ispaniýanyň “Real Madrid” topary bilen Angliýanyň “Mançester Siti” topary, şeýle hem Fransiýanyň “Lion” topary bilen Italiýanyň “Ýuwentus” topary özara duşuşdy.

Portugaliýaly Kristian Ronaldoly “Ýuwentus” topary Fransiýanyň “Lion” toparyndan ýeňildi. Fransuz topary Italiýanyň iň güýçli toparyny 1:0 hasabynda utdy. Bu duşuşykda Ronaldo tapawutlanyp bilmedi. Şeýlelikde ol 2020-nji ýylyň başyndan bäri oýnan duşuşyklarynda ilkinji gezek tapawutlanyp bilmedi. 2020-nji ýylda 9 duşuşykda ol 13 gezek tapawutlanypdy.

Çempionlar ligasynyň beýleki gyzykly duşuşygy Ispaniýada boldy. Onda Pep Gwardiolanyň “Mançester Siti” topary “Real Madrid” toparyny myhmançylykda 2:1 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde Gwardiola ähli ýaryşlarda başga bir toparyň tälimçisi hökmünde “Real Madrid” toparyny 10-njy gezek ýeňmegi başardy.

Ýene-de okaň

Katar-2022: Niderlandlar we Senegal indiki tapgyra çykdy

Katar-2022: Braziliýa we Portugaliýa indiki tapgyra çykdy

Messi karýerasyny ABŞ-da dowam etdirip biler

Teswirle