TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Ronaldodan soňra Messi hem Saud Arabystana geçip bilermi?

Şu günler dünýäniň iri sport neşirlerinde Lionel Messi bilen Saud Arabystanynyň toparlarynyň gyzyklanýandygy barada habarlar yzygiderli çap edilýär. Galyberse-de, Messiniň menejeri bolan kakasy Horhe Messiniň saud toparlary bilen gepleşikler geçirendigi hem aýdylýar.

Messi üçin Saud Arabystanynyň topary her möwsüm üçin 220 million ýewro tölemäge taýýar. Ispan “Marca” neşiriniň habaryna görä, Messi Saud Arabystanynyň futbol dünýäsindäki iň baý topary bolan “Al-Hilal” toparyna geçip biler.

Häzirki wagtda Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň düzüminde çykyş edýän Messi fransuz topary bilen täze şertnama gol çekmedi. Onuň şertnamasynyň möhleti şu möwsümde tamamlanýar.

Şu döwürde Messiniň talap edýän aýlyk haky islegini diňe saud toparlarynyň kanagatlandyryp biljekdigi bellenilýär.

Messä hem Kristiano Ronaldo ýaly her möwsüm üçin 220 million ýewro töweregi aýlyk haky teklip edilýär. Bu serişdeler diňe bir futbolçynyň aýlygy däl, eýsem täjirçilik girdejileri hem bar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ýygyndysy Malaýziýanyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer

“El-Klasiko”: “Barselonanyň” üstünligi

Türkmen türgeni dzýudo boýunça Ýewropanyň kubogynda altyn medal gazandy

Ata Watan Eserleri

Teswirle