SPORT

Ronaldo ýene-de 2 rekorda golaýlaýar

Italiýanyň «Ýuwentus» toparynyň portugaliýaly hüjümçisi Kristiano Ronaldo bu topara geçenden bäri geçirilen gollaryň sany 49-a deň boldy. “Football Italia” neşiriniň habar bermegine görä, portugaliýaly ýene-de bir gol geçiren halatynda Angliýanyň, Italiýanyň hem-de Ispaniýanyň ligalarynda azyndan 50 gezek tapawutlanan ilkinji futbolçy bolar.

Häzirki wagtda 49 goly bolan Ronaldo Italiýanyň çempionatynda 50 golluk üstünligi ýetmekde hem rekord goýup biler. Mundan ozal, “Milan” toparynyň ukrainaly hüjümçisi Andreý Şewçenko bu üstünlige 69 duşuşykda ýetipdi. Ronaldo häzirlikçe bu çempionatda 59 duşuşyk geçirdi.

“Ýuwentus” topary ýurduň çempionatynda 76 utuk bilen öňde barýar. Ronaldo bu topara 2018-nji ýylda geldi. 117 million dollara bu topara gelen Ronaldonyň şertnamasynyň möheleti 2022-nji ýylda tamamlanýar.

Ýene-de okaň

Ronaldodan özboluşly rekord

Türkmenistanyň Kubogynyň ýarym finalynyň birinji duşuşyklary geçirildi

“Arkadag” toparynyň ýeňlişsiz ýoly dowam edýär

Türkmen türgeni Aziýa oýunlarynda bürünç medal gazandy

Hytaýda 19-njy Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi

ХIХ Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň baýdagy galdyryldy