Türkiýede bolup geçen tebigy heläkçilik – ýer titreme köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine, uly möçberli weýrançylyklara getirdi.
Şu günki günde dünýä jemgyýetçiligi Türkiýe Respublikasyna ynsanperwer kömegini ugradýar. Şol bir wagtda dünýä döwletlerinden halas ediş toparlary we lukmanlar Türkiýede tebigy betbagtçylyk zerarly ejir çekenlere kömek berýär.
“Ýüz ýylyň iň uly heläkçiligi” hökmünde kesgitlenen Tükriýedäki ýer titreme zerarly ejir çekenlere sport jemgyýetçiligi hem öz ýardamlaryny berýär. Kristiano Ronaldo we Paolo Dibala ýaly futbolçylar öz futbol köýnekçelerini auksionda satuwa çykaryp, şondna gelen girdejini tebigy heläkçilikde ejir çekenler üçin ulanmak meýilleşdirilýär.
Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň orunbasary Fuat Oktaý 14 döwletden 3 müň 294 halas ediş topary öz kömeklerini bermek üçin gelendigini mälim etdi. Şol bir wagtda Fuat Oktaý 70 döwletiň kömek bermäge taýýardygyny mälim edendigini belledi.
Birleşen Arap Emirlikleri 50 million dollar, Günorta Koreýa 5 million dollar, Gazagystan we ýene-de bir äçe ýurt 1 million dollar möçberinde ynsanperwer kömegini ugratmagy meýilleşdirýär.
Türkiýäniň “THY” awiakompaniýasy bolsa, ýertitremäniň bolan sebitlerinden yzyna amala aşyraýn uçar gatnawlaryny mugt ýerine ýetirýär.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistan döwletimiz tarapyndan Türkiýe Respublikasynda bolan güýçli ýertitremäniň netijesinde ejir çeken dostlukly döwletiň doganlyk halkyna ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Ynsanperwerlik ýüki derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdelerden we dokma önümlerinden ybaratdyr. Şeýle-de Türkiýä lukmanlar ugradyldy. Olar ejir çekenlere kömek berýän kärdeşlerine zerur bolan ýardamy bererler.