Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” topary bilen şertnama baglaşyp, hemmeleri haýran galdyan Portugaliýanyň ýyldyzy Kristiano Ronaldo täze toparynda ilkinji goluny geçirdi.
Ronaldonyň düzüminde oýnaýan “Al-Nasr” topary Saud Arabystanynyň çempionatynyň 15-nji tapgyrynda “Al-Fateh” topary bilen duşuşdy. Duşuşyk 2:2 deňme-deň hasabynda tamamlandy.
Bu duşuşykda tapawutlanan Ronaldo toparyny ýeňlişden halas etdi. Portugal futbolçy 93-nji minutynda 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip, täze topardaky ilkinji goluny öz adyna ýazdyrdy.
Ronaldo mundan ozal hem saud toparynyň düzüminde 2 sany resmi duşuşykda meýdança çykypdy, ýöne oňa tapawutlanmak başartmandy.
Bilşiňiz ýaly, Ronaldo “Al-Nasr” bilen “Al-Hilal” toparlarynyň saýlama ýyldyzlary bilen Fransiýanyň “PSŽ” toparynda arasynda geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda 2 gezek tapawutlanypdy.
Ronaldo diňe “Real Madrid” toparynda oýnan döwründe, bu toparyň köýnekçesi bilen meýdança çykan ilkinji duşuşygynda tapawutlanmagy başarypdy.
Ol “Ýuwentus” toparynyň düzüminde oýnan döwründe 4-nji resmi duşuşygynda, “Sporting” toparynda wagty 5-nji duşuşygynda garşydaş derwezesine gol geçiripdi.
Portugal futbolçy “Mançester Ýunaýted” toparynda bolsa, 10-njy duşuşygynda tapawutlanypdy.