TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Ronaldo Saud Arabystanydan teklip bar

Häzirki wagtda Katarda dowam edýän futbol boýunça dünýä çempionatynda Argentinany 2:1 hasabynda utup, taryhy üstünligi gazanan Saud Arabystanynyň “Al Nasr” toparyndan “Mançester Ýunaýted” topary bilen şertnamasyny ýatyryna Kristiano Ronaldo teklip bar. Saud topary ýanwar aýynda Ronaldony erkin futbolçy hökmünde düzümine goşmak üçin gepleşikler geçirýär.

“CBS Sports” neşiriniň habar bermegine görä, futbolçynyň tarapynyň hem munuň bilen gyzyklanandygy mälim edilýär.

Topar futbolçy bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşyp, her möwsümde 75 million dollar zähmet haky hödürleýär. Mundan ozal berlen habarda Saudlar Ronaldo üçin 2 möwsüme 242 million ýewro teklip edipdi.

Taraplar futbolçynyň aljak gutarnykly kararyna garaşýar. Eger Ronaldo razyçylyk beren halatynda transfer amala aşyrylar.

22-nji noýabrda 37 ýaşyndaky Ronaldo bilen “Mançester Ýunaýted” topary ikitaraplaýyn razyçylyk esasynda hereket edýän şertnamany ýatyrypdy.

Ýene-de okaň

Garri Keýnden taryhy “gol”

Konor Makgregor dolanyp gelýär

Ronaldo täze toparyndaky ilkinji goluny geçirdi

Teswirle