TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Ronaldo portugal futbolçylardan saýlandy

“Ýuwentus” toparynyñ hüjümçisi Kriştiano Ronaldo, Italiýanyñ “Seriýa A” çempionatynyñ taryhynda portugaliýaly oýunçylaryñ arasynda iñ köp gol geçiren Ruý Koştadan öňe saýlanyp, birinji orny eýelemegi başardy. 35 ýaşly Ronaldo “Bolonýa” bilen geçirilen duşuşykda bir gol geçirdi. Bu hem Ronaldonyñ “Seriýa A” çempionatyndaky gollarynyň sanyny 43-e ýetirdi.  Şeýlelikde ol portugaliýaly oýunçylaryñ arasynda iñ gowy netije görkezdi.

Ronaldo bilen Ruý Koşta deñeşdirelende, Ronaldo 2018-nji ýyldan bäri “Ýuwentus” toparynda çykyş edip gelýär, Koşta bolsa “Seriýa A” çempionatynda 1994-2006-njy ýyllar aralygy sekiz möwsüm geçirdi we şol wagtda “Fiorentina we Milan” toparlarynda çykyş etdi.

Şeýle hem Ronaldo Angliýanyñ çempionatynda hem 196 oýna çykyp, 84 gezek gol geçirmegi başardy we Ispaniýanyñ “La Liga” çempionatynda hem “Real Madrid”-iñ düzüminde 292 oýna çykyp, 311 gezek gol geçirip, iki ýurduñ çempionatlarynyñ taryhynda portugaliýaly oýunçylaryñ arasynda iñ köp gol geçiren oýunçy boldy.

Ýene-de okaň

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Türkmenistan Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryna gatnaşar

Täze futbol ýaryşyny döretmek meýilleşdirilýär

Teswirle