TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Ronaldo Messiden geçip, rekord goýdy

Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparynyň  hüjümçisi Kristiano Ronaldo Çempionlar ligasynyň toparçadaky duşuşyklarynda Italiýanyň “Atalanta” (3: 2) toparynyň derwezesinde bir pökgi geçirip, bu ýaryşdaky täze rekordyny goýdy. Bu barada “Squawka” neşiri habar berýär.

Portugaliýaly hüjümçi Çempionlar ligasynda rekord goýup, 38 toparyň derwezesinden pökgi geçirdi. Ronaldonyň bu görkezijide “PSG” toparynyň argentinaly hüjümçisi Lionel Messiden öňe geçendigi bellendi. Messiniň 37 toparyň derwezesine gol geçirendigi mälim edilýär.

Mälim bolşy ýaly, sentýabr aýynda Ronaldo Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň çäginde Irlandiýa bilen oýunda (2:1) iki pökgi geçirip, milli ýygyndy üçin geçiren gollarynyň rekordyny täzeledi. Şol döwürde futbolçynyň milli ýygyndy üçin 111 pökgüsi bolup, ol bu görkezijisi bilen Ginnesiň kitabyna girizildi.

 

Tramp öz jemgyýetçilik toruny döredýär

Ýene-de okaň

Katar-2022: nobat 1/8 finalda

Katar-2022: Günorta Koreýa Portugaliýany ýeňip, 1/8 finalda

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Teswirle